Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşasyna gynanç bildirdi

06:2314.09.2015
0
3846

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşasy Salman Ben Abdelaziz Al Sauda bu ýurtda bolup geçen köp sanly adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelerine getiren betbagtçylyk zerarly çuňňur gynanç bildirdi.

Türkmen döwletiniň Baştutany gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna  tüýs ýürekden gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini, şeýle hem ejir çekenlere  tiz wagtda  sagalmaklary baradaky arzuwlaryny beýan edip,  Saud Arabystanynyň ähli halkyna ruhy durnuklylyk we mertlik dileg etdi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň