Soňky habarlar

Arhiw

Awazada medeniýet we sungat işgärleriniň Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy

18:4312.09.2015
0
4259

11-nji sentýabrda agşam Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hormatly atlaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerini hem-de edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň we zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna gatnaşdy.

Döwlet Baştutany döredijilik işgärleriniň medeni gurşawy ösdürmäge uly goşandyny, olaryň watandaşlarymyzyň dünýägaraýşyny kemala getirmäge, ösüp gelýän nesli terbiýelemäge hem-de milli medeni mirasy we daşary ýurtlarda Türkmenistanyň gazananlaryny giňden wagyz etmäge ägirt uly täsirini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti döwletimiziň geljekde hem medeniýet ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly üns berjekdigini aýtdy we bu ýere ýygnananlara täze döredijilik üstünliklerini arzuw etdi. Milletiň Lideri olara öz ukyp-başarnyklaryny, ylham-joşgunyny, gujur-gaýratlaryny we ussatlygyny mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine sarp etmegi arzuw edip, medeniýet we sungat işgärleriniň öz joşgunly aýdymlarydyr sazlary, çeper eserleri bilen eziz Watanymyzy wasp edip, ildeşlerimizi täze üstünliklere ruhlandyrmak bilen, geljekde  hem öz öňlerinde durýan beýik wezipeleri üstünlikli çözjekdigine ynam bildirdi.

Soňra döredijilik işgärlerine hormatly atlaryň dakylmagy hakynda Perman we “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak hakynda Karary okaldy.

Ýeri gelende aýtsak, şu ýyl hem ozal bolşy ýaly, sylag eýeleriniň arasynda beýleki döwletleriň hem wekilleri hem bar. Munuň özi biziň ýurdumyzyň, onuň medeniýetiniň açyklygynyň, bu ulgamda beýleki döwletler bilen işjeň ösýän gatnaşyklaryň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Bu sylaglar biziň dostlarymyzyň zehinli we gazananlaryny ykrar etmek bilen çäklenmän, eýsem, medeni gatnaşyklary berkitmäge, diýmek, biziň halklarymyzyň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary berkitmäge, biziň ýurtlarymyzyň aragatnaşygy, medeni durmuşlarynyň özara baýlaşmagy üçin giň mümkinçilikleri açýan medeniýet ulgamynda biziň bilelikdäki üstünliklerimize şahsy goşantlary üçin minnetdarlygyň nyşany bolup durýar.  

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hormatly atlaryna mynasyp bolan iň gowy döredijilik işgärlerine sylaglary hem-de döwlet bäsleşiginiň ýeňijilerine baýraklary dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Ýurdumyzyň döredijilik işgärleri milletiň Liderine öz zähmetlerine berlen ýokary baha, döwlet Baştutanynyň türkmen halkynyň ruhy mirasyny dikeltmek we ösdürmek barada edýän aladasy we ünsi, döredijilikli zähmet çekmek üçin ähli şertleriň döredilmegine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip,  öz gujur-gaýratlaryny, bilimlerini, tejribelerini, ussatlygyny we ylham-joşgunlaryny eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine sarp etjekdiklerine ynandyrdylar.

Daşary ýurtly sungat işgärleriniň adyndan Owganystandan we Gyrgyz Respublikasyndan gelen döredijilik toparlarynyň ýolbaşçylary çykyş etdiler. Olar Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa medeni gatnaşyklary ösdürmäge goşan goşantlaryna ýokary bahanyň berlendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Şol gatnaşyklaryň esasynda biziň halklarymyzyň dostluk we doganlyk kökleriniň ösmegi dowam edýär.

Myhmanlaryň gürrüň berşi ýaly, olar mynasyp bolan sylaglaryny diňe belent hormat däl-de,  eýsem, sungatyň döredijilikli we birleşdiriji ähmiýetiniň nobatdaky subutnamasy hökmünde kabul etdiler.  Şol sungat öz milli aýratynlyklary bilen umumyadamzat häsiýetine eýe bolup, adamlara beýleki medeniýetlere düşünmäge ýardam edýär. Bularyň hemmesi ägirt uly ähmiýete eýe bolup, halklaryň arasyndaky özara düşünişmegi pugtalandyrýar. Olar bu gün iri möçberli bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň, özara gatnaşyklaryň täze aýlawynyň bosgasynda durýar.  

Milletiň Lideri bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmagynda özi üçin bellenen ýere geçip oturýar. Amfiteatryň sahnasynda Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň, ýaş ussat we çeper höwesjeňleriň –umumymilli döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň, iň gowy tans we çagalar toparlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk çykyşy ýaýbaňlanýar.

Konserte gatnaşyjylar tarapyndan ýerine ýetirilen, milletiň Liderine bagyşlanan aýdym döredijilik agşamynyň joşgunly jemlenmesine öwrüldi. Ol dabara gatnaşyjylaryň kalbyny Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa belent we arzyly arzuwlaryň amala aşýan ýurdunda parahatçylykda we abadançylykda ýaşap, döredijilikli işlemek bagty üçin çuňňur hoşallyk duýgusyndan doldurdy.

... Baýramçylyk agşamyny dürli öwüşginli feýerwerk jemläp, ol Awazanyň agşamky asmanyny dürli reňkli şöhleler bilen ýagtylandyrdy. Şöhleler şüweleňi gojaman Hazaryň kenarynda geçirilen dabaralara ajaýyp bagyşlanma bolup, olaryň jemleýji pursatyna öwrüldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň