Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasy Türkmenistan bilen giň gerimli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýär

0
524
0
10

11-nji sentýabrda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysy Rownak Abdullaýew bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyga  Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wahdet Sultanzade Mamedaga ogly hem gatnaşdy.

Ynanyşmak ýagdaýynda geçen söhbetdeşligiň barşynda ýangyç-energetika ulgamynda we ulag-aragatnaşyk pudagynda özara gatnaşyklaryň dürli ugurlary, Hazar sebitiniň ykdysady taýdan durnukly ösmegine ýardam etjek şol ugurlarda özara bähbitli bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

R.Abdullaýew Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy düýn "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Ýaşulular maslahatynyň üstünlikli geçmegi bilen gutlap, Türkmenistanda alnyp barylýan gurluşygyň gerimine, şol sanda Hazar deňziniň kenarynda sebitiň hakyky göwher gaşyna öwrülen halkara syýahatçylyk merkezini döretmegiň çäklerinde geçirilýän işleriň gerimine haýran galandygyny aýtdy. 

Türkmen Lideriniň ýöredýän “açyk gapylar” syýasatynyň netijelidigini we öňdengörüjiliklidigini bellemek bilen, Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň baştutany öz ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň ägirt uly serişdelere we ykdysady kuwwata eýe bolan ygtybarly we  geljegi uly hyzmatdaş hasaplanýan Türkmenistan bilen giň gerimli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Bellenilişi ýaly, ýola goýlan netijeli gatnaşyklary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda ýylsaýyn berkitmek bilen, goňşy ýurtlaryň ikisi-de häzirki döwrüň möhüm meselelerini  çözmegiň ýollaryny gözläp tapmakda öz tagallalaryny birleşdirip, parahatçylygy we  ählumumy howpsuzlygyň, şol sanda energetika howpsuzlygynyň global ulgamyny berkitmek meselelerine aýratyn üns berýärler.

Şunuň bilen baglylykda, ýangyç-energetika ulgamynda we ulag-aragatnaşyk pudagynda özara gatnaşyklaryň dürli ugurlary, Hazar sebitiniň ykdysady taýdan durnukly ösmegine ýardam etjek şol ugurlarda özara bähbitli bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru