Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny abadanlaşdyrmak boýunça işleriň barşy bilen tanyşdy

10:5012.09.2015
0
11292

11-nji sentýabrda Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny abadanlaşdyrmak boýunça işleriň barşy bilen tanyşdy. Döwlet Baştutany dynç alyş merkeziniň çägi boýunça welosipedli aýlanyp, täze desgalary gözden geçirdi we deňiz kenarynyň bagy-bossanlyga bürenmegine aýratyn üns berdi.

Däp bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti döwlet işlerini we işjeň dynç almagy utgaşdyrmak bilen, şu gün irden Kongresler merkezine welosipedli geldi. Mälim bolşy ýaly, bu belent bina düýn geçirilen ýurdumyzyň Ýaşulularynyň maslahatyna gabatlanyp açyldy. Döwlet Baştutany ýolugrunda Hazar deňziniň jana şypaly türkmen kenarynda bina edilen desgalary – köpsanly sagaldyş merkezlerini, medeni dynç alyş we sport toplumlaryny, şeýle hem deňiz dynç alyş merkeziniň gözellikleriniň biri bolup durýan Awaza derýanyň kenarlary boýunça ýaýylyp gidýän  dynç alyş seýilgählerini gözden geçirdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Kongresler merkezinden çykyp, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy boýunça welosipedli gezelenjini dowam etdi. Döwlet Baştutany gurluşygy dowam edýän desgalary gözden geçirip, olaryň ýanaşyk ýerleriniň bagy-bossanlyga bürelşine aýratyn üns berdi.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bag ekilen gök zolaklaryň giňeldilmegi, deňziň kenarynda täze seýilgäh zolaklarynyň döredilmegi syýahatçylyk  zolagyndaky howanyň gowulanmagyna oňaýly täsirini ýetirer, şonuň bilen birlikde, deňiz howasynyň melhemligi bilen “Awaza” gelýän türkmenistanlylaryň we daşary ýurtly myhmanlaryň göwnejaý dynç almagy we saglygyny berkitmegi üçin amatly ekologik gurşawy üpjün eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň