Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyna gatnaşýan myhmanlar gürrüň berýärler

16:2611.09.2015
0
2924

Watikanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň medeni meseleler boýunça attaşesi Anjeý Madeý:

— Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyna on sekizinji gezek gatnaşmaga mümkinçiligiň dörändigine buýsanjymyň çägi ýok. Bu maslahat hem meniň kalbymda iň ýakymly täsirleri galdyrdy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň taryhy çykyşy maňa ýiti täsir etdi. Onda Türkmen döwletiniň Baştutany owgan halky barada ýakymly gürrüň etdi. Haçan-da, biz Owganystan diýlen sözi eşidenimizde, biygtyýar uruş göz öňümize gelýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşyndan bolsa biz owgan halkynyň diýseň parahatçylyk söýüjiliklidigini we hoşgylawdygyny eşitdik.

Şu ýyl Türkmenistanda Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edildi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşynda hem parahatçylyk meselesi aýdyň beýan edildi. Milletiň Lideri uruş hiç wagt gowulygyň üstünden eltmeýändigini belledi. Döwlet Baştutanynyň şu gysgajyk jümlesinde ägirt uly many bar.

Her gezek Awaza gelenimde, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz halky baradaky aladalaryndan, dynç almak üçin döredýän ajaýyp şertlerinden nyşan hökmünde ägirt uly özgertmeleriň gözli şaýady bolýaryn. Halklaryň bolsa syýahatçylygyň üsti bilen bir-birine ýakynlaşýandygy ykrar edilen hakykatdyr. Awazanyň ýakyn wagtda diňe bir türkmenistanlylaryň däl, eýsem, beýleki ýurtlaryň ýaşaýjylarynyň hem dynç almak isleýän eý görýän ýerine öwrüljekdigine tüýs ýürekden ynanýaryn.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň