Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaşulularyň maslahatynda eden çykyşy

12:3111.09.2015
0
7468

Eziz watandaşlar!

Hormatly ýaşulular!

Hanymlar we jenaplar!

Siziň ähliňizi Ýaşulularyň maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Ýaşulularyň maslahaty jemgyýetimiziň we döwletimiziň durmuşynda örän uly ähmiýete eýe bolan wakadyr.

Şu gün biz ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň, hemişelik Bitaraplygynyň gazananlaryny berkitmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşarys. Ýurdumyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyna degişli meselelere serederis. Şeýle hem, döwletimizi ösdürmegiň siziň makullamagyňyzy talap edýän esasy, maksatnamalaýyn ugurlaryny mundan beýläk-de durmuşa geçirmegiň wezipeleriniň üstünde durup geçeris.

Berkarar Watanymyzy kuwwatly, abadan, ýokary derejede ösen, bäsleşige ukyply döwlete öwürmek boýunça Prezidentiň we Hökümetiň alyp barýan işlerini siziň ähliňiz oňat bilýänsiňiz.

Häzirki döwürde demokratik kadalaryň binýadynda jemgyýetimizi we döwletimizi ösdürmek alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biridir. Bize ata-babalarymyzdan gelip ýeten gymmatlyklara laýyklykda mähriban halkymyzyň, geljekki nesillerimiziň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge degişli meseleleri yzygiderli ara alyp maslahatlaşmak indi ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi.

Hormatly ýaşulular!

Eziz watandaşlar!

Häzirki döwürde Türkmenistan Garaşsyz we kuwwatly döwletleriň biridir. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde gazanan üstünliklerimiz Türkmenistanyň halkara gatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulmagyna ýardam edýär.

Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmek döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biridir. Biz  Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň işine yzygiderli gatnaşýarys.

Baş Assambleýanyň mejlislerinde halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek, howanyň üýtgemegi netijesinde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly teklipler bilen çykyş etdik.

Daşky gurşawy goramak, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, halkara ulag geçelgelerini döretmek ýaly möhüm meseleler boýunça başlangyçlary öňe sürdük. Bu başlangyçlar dünýäde giň goldawa eýe boldy.

Ýurdumyzyň alyp barýan Bitaraplyk syýasatyna gyşarnyksyz eýermegi netijesinde, bütin dünýäde Türkmenistanyň abraýy has-da artdy. Netijede, şu ýylyň iýun aýynyň başynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» hakyndaky Rezolýusiýany gaýtadan kabul etdi.

Täze kabul edilen Rezolýusiýa geçen döwürde Türkmenistanyň bütin dünýäde ählumumy bähbitleriň we parahatçylygyň üpjün edilmeginiň hatyrasyna alyp baran işleriniň jemini jemledi.

Ýurdumyzda «Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly» diýlip yglan edilen şu ýylda – Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly baýramynyň bellenýän ýylynda şeýle Rezolýusiýanyň kabul edilmegi örän uly şatlykly waka boldy. Ýurdumyzyň abraý-mertebesini täze belentliklere göterdi!

Biz Garaşsyz, Bitarap Watanymyza çäksiz buýsanýarys! Eziz Watanymyza bolan söýgi bize parahatçylygy berkitmek işinde ägirt uly gujur-gaýrat, çäksiz ylham berýär!

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Geçen ýyl Türkmenabat şäherinde geçirilen Ýaşulularyň maslahatynda ýurdumyzy ösdürmäge, milli ykdysadyýetimizi häzirki zamanyň talaplaryna laýyk getirmäge gönükdirilen möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşdyk. Siziň bilşiňiz ýaly, dünýäde ykdysady we maliýe çökgünligi dowam edýär, käbir kynçylyklar döreýär. Muňa garamazdan, biz milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda göz öňünde tutulan reformalary we özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirýäris.

Durmuş ulgamyny ösdürmek we goldamak ýurdumyzyň içeri syýasatyny durmuşa geçirmegiň möhüm ugurlarynyň biridir.

Biz öňküsi ýaly, ilatymyza dünýä tejribesinde deňi-taýy bolmadyk durmuş ýeňilliklerini berýäris. Bu işleriň ählisi mähriban halkymyzyň hal - ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. «Döwlet adam üçindir!» diýen strategiýamyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Döwletimizde indi birnäçe ýylyň dowamynda jemi içerki önümiň möçberi ýokary depginler bilen ösýär. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberi yzygiderli köpelýär. Diňe bir şu ýylyň geçen döwründe jemi içerki önümiň artyşy 8,3 göterime barabar boldy. Goýulýan düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 8,2 göterim, ortaça zähmet haklarynyň möçberi bolsa, 10 göterime golaý artdy.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Häzirki döwürde döwlet gurluşynda amala aşyrylýan oňyn jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady özgertmeler ýurdumyzda konstitusion reformalary geçirmegi talap edýär. Şoňa görä-de, biz geçen ýylyň maý aýynda ýurdumyzyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek barada karara geldik.

Şu maksat bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça konstitusion topar döredildi. Bu ugurda netijeli işleri alyp barmak üçin, ýurdumyzyň Mejlisinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça konstitusion toparyň ýanynda gelip gowuşýan teklipleri öwrenmek we tertipleşdirmek boýunça topar döredildi.

Şeýle hem, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň taslamasy işlenip taýýarlanýan döwürde gelip gowuşýan teklipleri seljermek baradaky iş topary döredildi. Konstitusion toparyň mejlislerinde Esasy Kanunymyzy kämilleşdirmegiň esasy ugurlary kesgitlendi.

Taslamada Esasy Kanunymyzyň diňe bir mazmun bölegi täzelenmän, eýsem onuň gurluşy hem düýpli özgerdildi.

Esasy Kanunyň döwletimiziň konstitusion gurluşynyň esaslaryny düzgünleşdirýän birinji bölümine Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlylygyny goramak hakyndaky kadalaryň girizilmegini maksadalaýyk hasaplaýaryn.

Mähriban halkymyzyň parahatçylyk, agzybirlik we syýasy durnuklylyk şertlerinde, bagtyýar ýaşamak baradaky erk-islegine laýyklykda Esasy Kanunymyza bu kadalaryň girizilendigine biziň ählimiz oňat düşünýäris.

Bu bölümde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda we 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda kabul eden «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» hakyndaky Rezolýusiýalarynyň düzgünleri öz beýanyny tapdy.

Türkmenistanyň halkara giňişliginde barha artýan abraýy göz öňünde tutulyp, taslamada döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy düzgünleri baradaky kadalar beýan edildi.

Taslamanyň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmak baradaky ýörite bölüminde Türkmenistanyň esas goýujy halkara konwensiýalaryny tassyklandygy hem anyk görkezildi.

Meniň pikirimçe, Konstitusiýamyzyň rejelenen görnüşdäki taslamasynda ýurdumyzda kanunyň hökmürowanlygy, Konstitusiýanyň düzgünleriniň gös-göni hereket etmegi, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýurdumyzyň Esasy Kanunyna laýyk gelmelidigi baradaky kadalaryň bellenmegi örän möhüm ähmiýete eýedir.

Adamy jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy diýip yglan eden döwletimizde halkara hukugynda göz öňünde tutulan we milli kanunçylykda kepillendirilen esasy hukuklary we azatlyklary üpjün etmek üçin ähli şertler döredilmelidir. Şunuň bilen baglylykda, Esasy Kanuna girizilen aşakdaky iki sany bütinleý täze konstitusion kada siziň ünsüňizi çekmegi zerur hasap edýärin:

Olaryň birinjisi – «adamy goramagyň, goldamagyň we oňa hyzmat etmegiň döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipesidigi» baradaky kadadyr.

Ikinjisi – «Türkmenistan her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdir» diýen kadadyr.

Hormatly ýaşulular!

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Konstitusiýanyň rejelenen görnüşdäki taslamasyna syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň sanynyň artýandygyny, şeýle hem ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda raýatlaryň işjeňliginiň ýokarlanýandygyny nazara alyp, täze maddany girizmek Konstitusion topar tarapyndan teklip edilýär. Bu maddada «Türkmenistanda syýasy köpdürlülik we köp partiýalylyk ykrar edilýär. Döwlet raýat jemgyýetiniň ösmegine zerur şertleri üpjün edýär» diýlip bellenýär.

Döwletiň ösüşinde ýaş nesliň öz mümkinçiliklerini doly açyp bilmegi üçin ähli şertleri döretmäge gönükdirilen ýörite strategiýany durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.

Şoňa görä-de, Konstitusiýamyzyň rejelenen görnüşdäki taslamasyna «döwlet ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagyna we goldanylmagyna gönükdirilen syýasaty durmuşa geçirýär» diýlip bellenen täze kadanyň girizilmegini siziň goldajakdygyňyza berk ynanýaryn!

Bu taslama «Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklary we azatlyklary halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda ykrar edilýär hem-de şu Konstitusiýa we kanunlar bilen kepillendirilýär» diýlip bellenen täze maddany girizmegi maksadalaýyk hasapladyk. Taslamada Adam hukuklary baradaky ählumumy jarnamanyň kadalary hem göz öňünde tutuldy.

Esasy Kanunymyzyň taslamasyna ykdysady meseleleri düzgünleşdirýän täze bölüm hem girizildi.

Siziň bilşiňiz ýaly, Türkmenistan ekologiýa babatda kabul edilen esasy halkara konwensiýalaryna gatnaşyjy bolup durýar. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşdäki taslamasynda şu aşakdaky kadalary beýan etmegi zerur hasap edýäris:

Bu kadalarda: «Her bir adamyň durmuşy we saglygy üçin amatly daşky gurşawa, onuň ýagdaýy barada hakyky maglumata we ekologiýa kanunçylygynyň bozulmagy ýa-da tebigy betbagtçylyk netijesinde onuň saglygyna we emlägine ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyna hukugy bardyr.

Döwlet ilatyň sagdyn ýaşaýyş şertlerini goramak we üpjün etmek, daşky gurşawy goramak we onuň durnukly ýagdaýyny saklamak maksady bilen, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmaga degişli çäreleri amala aşyrýar» diýlip bellenýär.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Men öz çykyşymda ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň gurluşynyň hem üýtgedilendigini belläp geçdim. Şonuň bilen birlikde, ähli demokratik, hukuk döwletlerinde bolşy ýaly, döwlet häkimiýetiniň üç özbaşdak şaha bölünýändigi baradaky kada göz öňünde tutuldy.

Konstitusiýanyň täze taslamasynyň degişli bölüminde Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti hakyndaky kadalar beýan edilýär.

Şeýle hem, siz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşdäki taslamasyna bütinleý täze bölümiň – ykdysady we maliýe-karz ulgamyna bagyşlanan bölümiň girizilendigine üns berensiňiz diýip pikir edýärin.

Şu ýerde Türkmenistanda şäherleri ösdürmegiň öz aýratynlyklarynyň bardygyny bellemek isleýärin. Ýurdumyzyň ähli sebitlerini deň derejede ösdürmek maksady bilen, biz welaýatlary ösdürmegiň uzak möhletleýin maksatnamalaryny kabul etdik.

Bu maksatnamalarda mynasyp durmuş üpjünçilik ulgamlaryny, dolandyryş toplumlaryny döretmek göz öňünde tutulýar. Oba hojalygyny ykdysadyýetiň hususy pudagynyň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly senagat taýdan ösdürmek meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň ykdysadyýeti bazar gatnaşyklaryna esaslanýar. Şoňa görä-de, taslamada döwletiň telekeçiligi höweslendirýändigi we goldaýandygy, kiçi we orta telekeçiligiň ösmegine ýardam berýändigi göz öňünde tutulandyr.

Hormatly adamlar!

Men öz çykyşymda döwletimiziň Esasy Kanunynyň rejelenen görnüşdäki taslamasynyň käbir esasy düzgünleriniň üstünde durup geçdim.

Eger Esasy Kanunymyzyň taslamasy boýunça siziň teklipleriňiz ýa-da bellikleriňiz bar bolsa, onda olary Konstitusion toparyň garamagyna hödürläp bilersiňiz.

Eger siz makullasaňyz, Konstitusion topar tarapyndan hödürlenen Esasy Kanunymyzyň rejelenen görnüşdäki taslamasyny halkymyzyň ara alyp maslahatlaşmagy üçin hödürlesek, maksadalaýyk bolar diýip pikir edýärin.

Taslama çap edilenden soňra, gelip gowşan teklipleri düýpli öwrenmek hem zerur diýip hasap edýärin. Esasy Kanunymyzyň gutarnykly üstünde işlenen taslamasyny Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň garamagyna hödürlemegi hem-de ony Ýaşulularyň geljek ýylda geçiriljek maslahatynyň dowamynda kabul etmegi teklip edýärin.

Ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşdäki taslamasyny 2016-njy ýylda kabul etmäge düýpli taýýarlyk görmeli. Bu bolsa, döwletimiziň we mähriban halkymyzyň taryhynda şanly waka bolar!

Men Konstitusiýa boýunça, ýagny hödürlenen esasy meseleler we soraglar boýunça oý pikirimi beýan etdim.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Öz çykyşymy ýurdumyzyň dolandyryş- çäk gurluşy bilen bagly çözülmeli meseleler barada dowam etmek isleýärin. Biz ýurdumyzyň şäherlerini we obalaryny ösdürmek boýunça giň gerimli maksatnamalary kabul etdik. Häzirki döwürde bu maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň ilatynyň sany hem barha artýar.

Obalarymyzyň we şäherlerimiziň çäkleri has-da giňelýär. Şoňa görä-de, käbir geňeşlikleriň düzümine girýän obalaryň derejelerini üýtgetmek, täze geňeşlikleri döretmek zerurlygy ýüze çykýar.

Ýaşulularyň Lebap welaýatynda geçen maslahatynda Türkmenistanyň Mejlisine bu meseleler boýunça häkimlikler we degişli ministrlikler bilen bilelikde zerur işleri geçirmek we teklipleri taýýarlamak barada tabşyryk beripdim. Bu ugurda degişli işler geçirildi.

Ýurdumyzyň dolandyryş-çäk gurluşy bilen bagly ýüze çykýan meseleleri gutarnykly çözmek üçin Türkmenistanyň Mejlisine, şeýle hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlaryna, Oba hojalyk ministrligine, häkimlere we beýleki ýolbaşçylara gutarnykly çözgüt kabul etmek üçin zerur bolan esaslandyrylan teklipleri bir aýyň dowamynda taýýarlamagy we bermegi tabşyrýaryn.

Eziz watandaşlar!

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Biz oba hojalyk toplumynda hem köp sanly özgertmeleri durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýarys. Kabul eden maksatnamalarymyza laýyklykda, biz oba hojalyk önümçiligini etraplar boýunça ýerleşdirip, pudagy has bähbitli ugurlar boýunça ösdürmegi dowam ederis.

Bu şertleri nazara alyp, bugdaý we pagta hasyly bilen bir hatarda miweleri, ir-iýmişleri, gök-bakja ekinlerini we beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek göz öňünde tutulýar.

Bazarlarda oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny gazanmak maksady bilen, iri şäherleriň golaýynda ýyladyşhanalary gurmagy maksadalaýyk hasaplaýarys. Käbir hojalyklary we etraplary gök-bakja önümlerini, miweleri we ir-iýmişleri öndürmäge ýöriteleşdirmek hem öz oňat netijelerini berer.

Ýurdumyzyň maldarçylyk pudagyny ösdürmek we pudagyň ot-iým binýadyny berkitmek, ot-iýmleriň hilini gowulandyrmak möhüm wezipeleriň biridir.

Oba hojalyk önümlerini senagat taýdan gaýtadan işlemegi höweslendirmek boýunça hem netijeli işler alnyp barylýar. Oba hojalyk pudagynyň ýolbaşçylaryna, eger gerek bolsa, ýurdumyzyň kanunçylygyna şu wezipelerden gelip çykýan degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek baradaky teklipleri taýýarlamagy tabşyrýaryn.

Eziz watandaşlar!

Gadyrly dostlar!

Suw – ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesidir. Ata-babalarymyzyň «Suw damjasy – altyn dänesi» diýen pähiminden ugur alyp, suwy netijeli ulanmak maksady bilen, biz suw hojalygynda suw tygşytlaýjy tehnologiýalary, ylmyň gazananlaryny we öňdebaryjy tejribäni netijeli ulanýarys.

Häzirki döwürde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy güýçli depginler bilen dowam edýär. Türkmen köli Garagum çölüniň ösümlik we haýwanat dünýäsini dikeltmäge we baýlaşdyrmaga ýardam edýär, daşky gurşawyň ekologiýasyna öz oňyn täsirini ýetirýär.

Ýurdumyzda tebigaty goramak, ýer we biologiki serişdeleri rejeli ulanmak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Çölleşmäge we tokaýlaryň azalmagyna garşy göreş çäreleri yzygiderli alnyp barylýar.

Häzirki döwrüň möhüm meselesi bolan howanyň üýtgemegi hem suw meseleleri bilen gönüden-göni baglydyr.

Şoňa görä-de, biz Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda we işjeň gatnaşmagynda ýöriteleşdirilen edaralary – howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyç bilen çykyş etdik. Elbetde, öňümizdäki geljekki Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda-da bu meseleleri öňe süreris diýip, umyt edýäris.

Häzir dünýä ykdysadyýetinde we maliýe ulgamynda çökgünlik dowam edýär. Bu bolsa ýurdumyzyň ykdysadyýetine we maliýe ulgamyna hem belli bir derejede öz täsirini ýetirýär. Biz bu ýaramaz täsiriň öňüni almak boýunça öz wagtynda zerur çäreleri görýäris.

Hormatly adamlar!

Häzirki döwürde nebitgaz we himiýa senagatyna, energetika toplumyna, oba hojalyk toplumyna, ulag we aragatnaşyk pudagyna, söwda we hyzmatlar ulgamyna degişli iri senagat desgalarynyň gurluşygy ýokary depginler bilen alnyp barylýar.

Esasy gaz geçiriji bolan «Gündogar–Günbatar» gaz geçirijisiniň ýurdumyzy ösdürmekde ägirt uly ähmiýeti bardyr. Bu desganyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Şeýle hem, Hazaryň kenarynda iri deňiz porty çalt depginler bilen gurulýar.

Hormatly watandaşlar!

Siziň bilşiňiz ýaly, biz ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny kabul etdik.

Şoňa görä-de, döwletimizde tebigy gazyň ägirt uly gorlarynyň bardygyna garamazdan, biz «Türkmenistan – Owganystan–Päkistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň taslamasyny we türkmen tebigy gazyny ýewropa ýurtlaryna ibermek bilen bagly taslamalary durmuşa geçirenimizden soň, uglewodorod serişdelerini daşary ýurtlara diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek boýunça alyp barýan işlerimizi tamamlarys.

Biz ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnama laýyklykda tebigy baýlyklarymyzy netijeli peýdalanmak üçin ýurdumyzda gazy gaýtadan işleýän zawodlary we beýleki kärhanalary gurarys. Şu ýyl şeýle kärhanalaryň birnäçesiniň gurluşygyna eýýäm başladyk.

Berkarar döwletimiz nebitden we tebigy gazdan başga-da, dürli görnüşli beýleki ýerasty baýlyklaryň gorlaryna örän baýdyr. Ýurdumyzyň çäklerinde kükürdiň, kaliniň we daş duzunyň, reňkli magdanlaryň we seýrek duş gelýän metallaryň, bezeg we gurluşyk materiallarynyň uly gorlary bar.

Biz himiýa senagatyny hem mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýäris. Hususan-da, bu ugurda ýerli çig malyň hasabyna işleýän önümçilikleri döretmek we pudagy tehnologiýa taýdan kämilleşdirmek zerurdyr.

Lebap welaýatyndaky Garlyk kaliý duzlarynyň ýatagynda kaliý dökünlerini öndürýän dag magdan toplumyny gurmak boýunça alnyp barylýan işler bu aýdylanlara mysal bolup biler. Pudagyň kuwwatyny artdyrmaga mümkinçilik berjek başga-da birnäçe kärhana bar. Mary şäherinde hem ammiak we karbamid öndürýän zawod gurlup, ulanmaga berildi.

Garabogazda hem himiýa senagatyny ösdürmekde uly mümkinçilikler bar. Häzirki döwürde Gyýanlyda iri gaz himiýa toplumynyň gurluşygy çalt depginler bilen alnyp barylýar. Bu toplumda ýylda 386 müň tonna polietilen we 81 müň tonna polipropilen öndüriler. Şeýle kärhanalaryň örän möhümleriniň biri hem Owadandepede gurulýan, tebigy gazy gaýtadan işläp, ýokary hilli benzin öndürmäge niýetlenen iri senagat toplumydyr. Bu toplumyň geljegi örän uludyr. Bulardan başga-da, ýurdumyzda tebigy gazy gaýtadan işleýän kärhanalaryň birnäçesi gurlar.

Biz ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň gorlaryny gözlemek, bu serişdeleri çykarmak, gaýtadan işlemek we döwletimiziň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam ederis.

Bu işleriň ählisini geljekki nesillerimiziň bähbidi üçin amala aşyrýarys. Biz tebigy baýlyklarymyzy, arassa daşky gurşawymyzy, kuwwatly we berkarar döwletimizi nesillerimize miras galdyrarys!

Biz milli elektron senagatyny döretmegi hem maksat edinýäris. Ýurdumyzda gün energiýasyny elektrik energiýasyna öwürýän enjamlary, elektron, fotoelektrik we yşyklandyryş enjamlaryny, LED çyralaryny öndürýän kiçi kärhanalary döretmek üçin ähli mümkinçilikler bar.

Eziz watandaşlar!

Hormatly adamlar!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy ösdürmek we häzirki zaman döwletine öwürmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Geljek ýylda umumy bahasy 9 milliard 700 million amerikan dollaryndan gowrak bolan 428 sany iri desganyň gurluşygyny tamamlap, ulanmaga bermek boýunça alnyp barylýan işler hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Şol iri desgalaryň hatarynda Aşgabatdaky halkara howa menzili toplumyny, Türkmenabatdaky halkara howa menzilini, Amyderýanyň üstünden geçýän demir ýol we awtomobil köprülerini, «Atamyrat – Andhoý» halkara demir ýoluny görkezmek bolar. Şeýle hem, Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa toplumy, «Awazadaky» oteller we myhmanhanalar, Aşgabatdaky 4 sany iri saglygy goraýyş merkezi, gazturbinaly elektrik stansiýalary, 5 sany iri şäherçe, 5 sany oba, 19 sany mekdep we beýleki köp sanly desgalar bar.

Biz geljek ýylda uly möçberli we giň gerimli maýa goýum maksatnamasyny amala aşyrmagy göz öňünde tutýarys. Bu maksatnama laýyklykda, umumy bahasy 18 milliard amerikan dollaryna golaý bolan 220-den gowrak desganyň gurluşygyna başlarys.

Şol desgalaryň hatarynda 33 milliard kub metr tebigy gazy daşary ýurtlara ibermäge niýetlenen «Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan» gaz    geçirijisini, 467 müň tonna polietilen we polipropilen öndürmäge niýetlenen gazhimiýa toplumyny, tebigy gazy gaýtadan işläp, 600 müň tonna benzin öndürýän zawody, Lebap welaýatynyň Atamyrat şäherinde we Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde howa menzillerini, Lebap welaýatynyň  Köýtendag etrabynda 1 million tonna   sement öndürmäge niýetlenen zawody görkezmek bolar.

Şonuň ýaly-da, 5 sany hassahana, 25 sany saglyk öýi we saglyk merkezi, 13 sany çagalar bagy, 21 sany umumy bilim berýän orta mekdep, umumy meýdany 739,5 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlary gurlar. Bulardan başga-da, dürli elektron önümlerini öndürýän 21 sany kiçi kärhanany, ýylda 2 450 tonna et we 100 tonna süýt öndürýän 11 sany maldarçylyk toplumyny gurmagy maksat edinýäris.

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, 77 sany desganyň we kärhananyň gurluşygy amala aşyrylar.

Şeýle hem, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän    möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, 15 sany desganyň we kärhananyň, şeýle hem  beýleki köp sanly desgalaryň gurluşygy alnyp barlar.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky    şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş - durmuş şertlerini    özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki  Milli maksatnamasyna» laýyklykda, oba ýerlerinde 7 milliard 500 million amerikan dollaryndan gowrak möçberde serişdeleri özleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Oba Milli maksatnamasyna laýyklykda, umumy meýdany 3 million inedördül metre golaý bolan ýaşaýyş jaýlary, 44 sany hassahana, 72 sany saglyk öýi we saglyk merkezi, 193 sany çagalar bagy, 265 sany umumy bilim berýän orta mekdep, 32 sany täze Medeniýet öýi we beýleki köp sanly döwrebap desgalar gurlar.

Biz ýurdumyzyň energetika pudagyny ösdürmegi dowam ederis. Senagat we durmuş maksatly desgalary öňdebaryjy, has kämil tehnologiýalary ulanmagyň    hasabyna elektrik energiýasy bilen üpjün etmegi has-da gowulandyrmak boýunça ähli zerur çäreleri göreris.

Hormatly ýaşulular!

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Dünýäniň beýleki ösen döwletlerinde bolşy ýaly, biziň ýurdumyzda hem jemgyýetimiziň we döwletimiziň ykdysady we aň-bilim kuwwatyny berkitmekde ylym we bilim ulgamyna möhüm orun degişlidir. Biz ýurdumyzyň ýokary we orta okuw mekdepleriniň maddy - enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ylmy-usulyýet üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça uly işleri amala aşyrdyk.

Kabul eden Milli maksatnamalarymyzyň çäklerinde orta we ýokary okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň, çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň iň häzirki zaman binalary gurlup, ulanmaga berildi.

Bu binalar häzirki zaman kompýuterleri, okuw - tehniki serişdeler, interaktiw multimedia tehnologiýalary bilen doly üpjün edildi. Ýurdumyzyň umumy bilim berýän mekdeplerinde okuwlaryň möhletleri uzaldyldy.

Bu ugurda biz Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, dünýäniň ösen ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge örän uly ähmiýet berýäris.

Paýtagtymyzda dünýäniň öňdebaryjy tejribesi nazara alnyp, Tehnologiýalar merkezi gurlup, ulanmaga berildi. Şeýle hem, ýurdumyzyň milli aragatnaşyk hemrasy älem giňişligine çykaryldy. Bu bolsa, ýurdumyzyň ylmy - tehnologiki binýadyny has-da berkitmäge mümkinçilik berdi.

Biz geljekde hem ýokary ylmy taýýarlygy bolan hünärmenleri, aspirantlary we doktorantlary taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Şoňa görä-de, döwletimiz öňküsi ýaly, bilim ulgamyny ösdürmäge uly goldaw berer.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Syýahatçylygy ösdürmek we onuň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, jahankeşdelik we syýahatçylyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny häzirki döwrüň innowasiýanyň gazananlaryny nazara alyp ösdürmek möhüm wezipeleriň biridir.

Şonuň bilen birlikde, Türkmenistanyň gadymy topragynyň, mähriban halkymyzyň baý milli medeniýetini, özboluşly aýratynlyklaryny açyp görkezmäge aýratyn üns bermeli.

Dünýäde meşhurlyga eýe bolan, jana şypaly ýumşak howasy we amatly tebigy şertleri bilen tapawutlanýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy, «Mollagara», «Arçman», «Ýylysuw», «Baýramaly», «Farap» şypahanalary ýurdumyzda dynç alyş ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň aýdyň mysalydyr.

Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde gurlup, ulanmaga berlen   myhmanhana toplumlary, dynç alyş we sagaldyş merkezleri, ýaşaýyş-durmuş     maksatly beýleki desgalar bu ugurda ägirt uly işleriň alnyp barylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Eziz watandaşlar!

Biziň öz öňümizde goýan esasy maksadymyz Türkmenistanda ýaşaýan    her bir adamyň beden we ruhy-ahlak taýdan sagdyn, berk bedenli, giň      dünýägaraýyşly bolmagyny, sagdyn durmuş kadalaryna eýermegini we sport bilen meşgullanmagyny gazanmakdan ybaratdyr.

Şoňa görä-de, kabul eden Milli maksatnamalarymyzy amala aşyrmagyň çäklerinde sport toplumlaryny, stadionlary, atçylyk sport toplumlaryny, ýöriteleşdirilen sport mekdeplerini we şypahanalary gurup, ulanmaga bermek boýunça işler giň gerim bilen alnyp barylýar.

Bedenterbiýe we sport ulgamynda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürýär.

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi 2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek barada ýörite    karar kabul etdi. Bu bolsa, döwletimiziň öňe sürýän başlangyçlarynyň we sporty ösdürmek boýunça alyp barýan syýasatynyň halkara derejesinde ykrar edilýändigini aýdyň görkezýär.

Şoňa görä-de, 2017-nji ýylda paýtagtymyzda geçiriljek V Aziýa      oýunlaryna düýpli taýýarlyk görmeli. Bu oýunlar bilen bagly göz öňünde tutulan toplumlaýyn çäreleri geçirmegi dowam etmeli.

Hormatly ýaşulular!

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Milli saglygy goraýyş ulgamyny öňdebaryjy dünýä tejribesiniň esasynda has-da kämilleşdirmek döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan     ugurlarynyň biridir. Şu ýyl biz «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllyk şanly baýramyny dabaraly belläp geçdik.

Biz täze «Saglyk» döwlet maksatnamasyny kabul etdik. Bu    Maksatnamada öz öňümizde täze, has giň gerimli wezipeleri goýduk. Bu Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegini gazanmaly. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleri üstünlikli dowam etmeli.

Milli saglygy goraýyş ulgamyny     özgertmek boýunça alyp barýan     syýasatymyzyň bütin dünýäde doly goldaw tapýandygyny we ykrar edilýändigini aýratyn bellemek isleýärin. Geljekde hem saglygy goraýyş we derman senagatyny ösdürmekde, ulgamyň gurluşyny we düzümini kämilleşdirmekde uly üstünlikleri gazanjakdygymyza berk ynanýaryn!

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Ýaşlar hakyndaky alada döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň möhüm      ähmiýetli ugurlarynyň biridir. Häzirki döwürde ýaşlarymyz orta we ýokary okuw mekdeplerinde oňat bilim alýarlar. Öz bilimlerini yzygiderli artdyrýarlar, ylym bilen meşgullanýarlar, dürli hünärleri özleşdirýärler. Ýaşlarymyz    senagatda, oba hojalygynda we ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynda tutanýerli zähmet çekýärler, Garaşsyz Watanymyzyň asuda durmuşynyň goragynda berk durýarlar.

Ýaşlar baradaky Döwlet maksatnamasyny we syýasaty üstünlikli durmuşa geçirmek üçin döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy we ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň, şeýle hem eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, edara-kärhanalaryň özara bähbitli hem-de netijeli hyzmatdaşlyk etmeklerini ýola goýmaly.

Hormatly ýaşulular!

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biz milli medeniýetimizi we sungatymyzy täze derejä çykarmaga gönükdirilen ägirt uly işleri amala aşyrýarys.

Biz milli medeniýetimizi täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak, täze zehinleri we sungat ussatlaryny ýüze çykarmak, medeniýetimizi milli öwüşginler bilen baýlaşdyrmak üçin ähli zerur çäreleri görýäris.

Şoňa görä-de, ýurdumyzyň paýtagty Aşgabatda, welaýatlarda, şäherlerde we obalarda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän medeni maksatly binalaryň we desgalaryň gurluşygy yzygiderli alnyp barylýar.

Şu ýyl Mary şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi, häzirki zaman täze Metbugat öýi toplumynyň gurlup, ulanmaga berilmegi, «Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi medeniýeti ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işleriň aýdyň mysalydyr. Teleradioýaýlymlarda gepleşikleriň milli emeli hemra aragatnaşygy arkaly berlip başlanmagy medeniýet ulgamynyň çalt depginler bilen ösýändigini aýdyň görkezýär.

Bu ugurda öňde goýlan wezipelerden ugur alyp, halkara derejesindäki medeni çäreleri taýýarlamaga we geçirmäge aýratyn üns bermeli.

Ýakyn wagtda ýurdumyzda iki sany uly döwlet baýramy – türkmen halkynyň mukaddes baýramy bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni we ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly baýramy dabaraly bellenip geçiler.

Bu şanly baýramlary ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek üçin, medeniýet işgärleri hem baýramçylyk çäreleriniň geçirilýän döwründe öz ýokary ussatlyklaryny görkezmelidirler!

Eziz watandaşlar!

Ýurdumyzda ykdysadyýetiň döwlete dahylly däl pudagyny – telekeçiligi ösdürmek, bu pudaga döwlet tarapyndan goldaw bermek boýunça örän uly işler alnyp barylýar.

Telekeçiler ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda häzirki zaman ýaşaýyş jaýlaryny, mekdepleri, çagalar baglaryny, sport toplumlaryny we durmuş maksatly beýleki köp sanly desgalary yzygiderli gurup, ulanmaga berýärler.

Häzirki döwürde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda, Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynda, Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynda, şeýle hem Mary welaýatynyň Altyn sähra etrabynda täze, häzirki zaman obalarynyň gurluşygy güýçli depginler bilen alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň telekeçileriniň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, Russiýa    Federasiýasynyň Astrahan oblastynda, Moldowa Respublikasynda, beýleki ýurtlarda desgalaryň gurluşygyna işjeň gatnaşýandyklaryny hem aýratyn bellemek isleýärin.

Hormatly ýaşulular!

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň netijeli we sazlaşykly işlemegini gazanmakda, şeýle hem ýolagçylara ýokary hilli hyzmat etmekde ulag we aragatnaşyk pudagyna uly orun degişlidir.

Bu pudagyň işini täze awtoulaglary, suw we howa gämilerini satyn almak arkaly häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan işleri biz geljekde hem dowam ederis. Siziň bilşiňiz ýaly, biz şu günki günde esasy iki sany uly syýasaty öňe sürýäris, olary hem dünýä bileleşigi goldaýar. Olar birinjiden, energiýa howpsuzlygy, ikinjiden bolsa ulag we üstaşyr geçelgesidir. Ine, bu meselede hem halkara guramalary uly goldaw berýärler. 

Şu maksat bilen, ýurdumyzda täze demir ýol beketleri we howa menzilleri gurlar. Bar bolan desgalaryň durky täzelener. Pudagyň kärhanalarynyň girdejili işlemegini üpjün etmek, şol sanda «Gazagystan–Türkmenistan–Eýran» halkara demir ýolundan gelýän girdejileri artdyrmak boýunça zerur  işler alnyp barlar.

Ähli welaýat merkezlerinde awtoulag we howa menzillerini gurmak boýunça alnyp barylýan işler dowam ediler. Ýurdumyzyň deňiz söwda flotuny     ösdürmek boýunça hem taslamalar üstünlikli durmuşa geçiriler. Şu maksat bilen, Türkmenbaşy şäherinde gurulýan halkara deňiz portunda işleriň depginini has-da güýçlendirmegiň zerurdygyny bellemek isleýärin.

Ýurdumyzyň aragatnaşyk pudagynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge aýratyn üns bermeli. Telewideniýäni, sanly täze telefon beketler ulgamyny, kompýuter we öýjükli aragatnaşyk ulgamyny, beýleki kommunikasion düzümleri, hususan-da, Internet ulgamyny ösdürmeli.

Gara deňiz we Baltika sebitleriniň, Günorta we Günorta–Gündogar Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň deňiz menzillerine çykýan ulag gatnawy ulgamyny döretmek boýunça hem uly işler alnyp barylýar. Halkara bileleşigi bu ugurda alnyp barylýan işlere örän uly gyzyklanma bildirýär.

Biz, ilkinji nobatda, Demirgazyk–Günorta we Gündogar–Günbatar ugurlar boýunça «Özbegistan–Türkmenistan–Eýran– Oman» halkara ulag-üstaşyr geçelgesini, şeýle hem hyzmatlar we üpjünçilik ulgamlaryny döretmek babatda alnyp barylýan işleri göz öňünde tutýarys.

Siziň bilşiňiz ýaly, Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynda, ýagny şu ýylyň 28-nji aprelinde ýurdumyzyň ilkinji milli «TürkmenÄlem 520E» aragatnaşyk hemrasy älem giňişligine çykaryldy. Bu hemra aragatnaşygy kosmos ulgamyny ösdürmek boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmäge ýardam eder. Şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokary göterilmegine uly itergi berer!

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Biz ýurdumyzyň paýtagtyny ösdürmäge, öňküsi ýaly, köp üns bereris. Işewürligiň, medeni gatnaşyklaryň, halkara hyzmatdaşlygynyň ykrar edilen merkezine öwrülen Aşgabat şäheri häzirki döwürde çalt depginler bilen ösdürilýär.

Paýtagtymyzda gurulýan önümçilik, durmuş-medeni, ylym-bilim maksatly desgalar, saglygy goraýyş we sport desgalary, häzirki zaman ýaşaýyş jaýlary we beýleki döwrebap binalar ak mermere beslenen şäherimiziň görküne görk goşýar. Şeýle hem, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga, ilata edilýän durmuş hyzmatlarynyň elýeterli we ýokary hilli bolmagyny üpjün edýär.

Biz merjen şäherimiz Aşgabady dünýäniň iň gözel we adamlaryň ýaşamagy üçin amatly şäherleriniň birine öwürmegi göz öňünde tutýarys!

Hormatly adamlar!

Ýene-de bir örän möhüm mesele barada durup geçmek isleýärin.

Geljek ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek bilen bagly meselelere aýratyn üns bermeli. Geljek ýylyň Döwlet býujetiniň öňküsi ýaly durmuş maksatlaryna gönükdirilen bolmalydygy baradaky teklibi goldarsyňyz diýip pikir edýärin.

Şu wezipelerden ugur alyp, maliýe serişdeleriniň ýeterlik bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, Ministrler Kabineti daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak boýunça anyk maksada gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmeli.

Şeýle hem, ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmäge gönükdirilýän karz serişdeleriniň möçberini has-da artdyrmaly. Ykdysadyýetiň döwlete dahylly däl pudagy we ilat üçin niýetlenen maliýe serişdeleriniň möçberlerini köpeltmegi göz öňünde tutmaly.

Şoňa görä-de, 2016-njy ýylyň Döwlet býujetiniň taslamasy taýýarlananda Maliýe ministrligine we ykdysady toplumyň pudak edaralaryna bu meseleleri seljermegi we gysga wagtda öz tekliplerini Ministrler Kabinetiniň garamagyna hödürlemegi tabşyrýaryn.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Eziz watandaşlar!

Ykdysadyýetimiziň çalt depginler bilen ösmegi, elbetde, bizi buýsandyrýar. Berkarar  Watanymyza  çäksiz söýgi, mähriban halkymyza mahsus bolan ýokary watançylyk duýgusy we raýatlarymyzyň ak ýürekli, yhlasly zähmeti biziň gazanan ajaýyp üstünliklerimiziň ählisiniň berk binýady bolup durýar.

Merdana halkymyzyň bu özboluşly aýratynlyklary Garaşsyz döwletimiziň kuwwatyny artdyrmakda, beýik işleri amala aşyrmakda uly üstünlikleri gazanyp, belent sepgitlere ýetjekdigimize ynam döredýär!

Hormatly adamlar!

Şu mümkinçilikden peýdalanyp, anyk maksatlara gönükdirilen pudaklaýyn we strategik maksatnamalarymyzy, döwletimizde durmuşa geçirilýän oňyn  özgertmeleri, alyp barýan içeri we daşary syýasatymyzy giňden goldaýandyklary  üçin, hormatly ýaşulularymyza, mähriban enelerimize, edermen daýhanlarymyza, alymlarymyza we diplomatik   ulgamyň işgärlerine, Garaşsyz Watanymyzyň howpsuzlygyny berk goraýan harby gullukçylarymyza, jemgyýetçilik tertibini we asudalygy üpjün edýän hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine, ýaşlarymyza, umuman, ýurdumyzyň ähli halkyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin!

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Mümkinçilikden peýdalanyp, Balkan welaýatynyň zähmetsöýer ilatyna myhmansöýerligi, Ýaşulularyň maslahatyny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek boýunça alyp baran işleri üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin!

Eziz watandaşlar!

Parasatly ýaşulularymyza hormat we sarpa goýmak, ýaşuly nesliň at-abraýyny has-da belende götermek müňlerçe ýyllyk taryhy bolan mähriban halkymyzyň asylly däpleriniň biridir.

Ýaşuly nesliň wekilleri jemgyýetimiziň sazlaşykly ösmegini gazanmak, halkymyzyň jebisligini berkitmek, milli bitewüligi pugtalandyrmak, raýat agzybirligini üpjün etmek, ýaş nesli watançylyk ruhunda döwrebap terbiýelemek boýunça möhüm ähmiýetli işleri alyp barýarlar.

Biz halkymyzyň agzybirligini berkitmäge, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşýan parasatly ýaşulularymyza, mähriban enelerimize hemişe buýsanýarys we olara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýäris!

Hormatly ýaşulular!

Eziz watandaşlar!

Biz geljegimize uly ynam bilen garaýarys. Garaşsyz Watanymyzyň we merdana halkymyzyň bagtyýar geljegini üpjün etmäge niýetlenen giň gerimli maksatnamalary we meýilnamalary kabul etdik.

Biz öňümizde durýan jogapkärli wezipeleri durmuşa geçirmekde mähriban halkymyzyň egsilmez gujur-gaýratyna we çäksiz mümkinçiliklerine daýanýarys! Bu bolsa, Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin ajaýyp mümkinçilikleri açýar!

Ýaşasyn, eziz Watanymyz Türkmenistan!

Ýaşasyn, baky sarsmaz Türkmen döwleti!

Ýaşasyn, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri!

Ýaşasyn, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan!

Eziz watandaşlar!

Hormatly adamlar!

Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň