Türkmenistanyň ähli welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň wekilleri bütin dünýäden bolan zyýaratçylaryň millionlarçasyna goşulyp, Mekgede we Medinede haj parzyny berjaý ederler

0
693
0
0

8-nji sentýabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda guralan “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň ýörite uçary bilen türkmen zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna ugradylar.

Musulmanlaryň esasy baýramlarynyň biri bolan Gurban baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna we paýtagtymyza wekilçilik edýän türkmenistanlylaryň 188-si bütin dünýäden bolan zyýaratçylaryň millionlarçasyna goşular. Olar şu sahawatly günlerde Mekgä we Medinä barýarlar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň barha ýokarlanýan zamanynda Gurban baýramy türkmen halkynyň agzybirligini we bitewüligini, onuň parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýeren edermen pederlerimizden miras galan milli ruhy gymmatlyklara we ýagşy dessurlara, parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyrýar.

Din işgärleri we zyýaratçylar Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa milletiň gadymy ruhy-medeni däpleriniň saklanylmagy we ösdürilmegi babatda edýän aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar. Haj parzyny üstünlikli amala aşyrmak üçin zerur şertleriň döredilýändigini bellemek bilen, olar bu ýörelgäniň häzirki döwrüň belent ruhunyň, türkmen halkynyň ýokary ynsanperwerlik we ruhy gymmatlyklara ygrarlydygynyň subutnamasydygyny nygtadylar.

Medinede türkmen zyýaratçylary Muhammet Pygamberiň we onuň egindeşleriniň jaýlanan mukaddes ýerlerine, şäheriň meşhur metjitlerine we beýleki ýerlere baryp görerler. Haj parzynyň amala aşyrylýan ýeri bolan Mekgede olar musulman dünýäsiniň esasy mukaddeslikleri bolan Zem-Zem çeşmesine, Al-Haram metjidine baryp görerler, ol ýerde togap däbine eýerip, keramatly Käbäniň daşyndan aýlanmak dessuryny we beýlekileri berjaý ederler.

Watandaşlarymyz mukaddes haj parzyny berjaý edýän pursatlarynda Beýik Biribardan mähriban halkymyzyň bagtyýarlygyny, Watanymyzyň abadançylygyny, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyny dileg edip, aýat-töwirler okarlar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly özgertmelerini durmuşa geçirmekde türkmen halkyna üstünlik arzuw ederler.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru