Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyna gatnaşyjylar ýürek buýsanjyny beýan edýärler

14:1809.09.2015
0
4080

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň elektrotehnika kafedrasynyň müdiri, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty, dosent Alyhan Ökdirow:

—Men Ýaşulular maslahatynyň işine ilkinji gezek gatnaşýaryn we türkmen jemgyýeti gurluşynyň esasy institutlarynyň biri bolan bu belent forumyň işine dahylly bolmak bagtynyň miýesser edenine begenjimiň çägi ýok. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde häzirki döwürde bu demokratik institut ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda mynasyp orun eýeleýär.

Biz bu foruma aýratyn ruhubelentlik bilen geldik. Maslahata gatnaşýanlygymyzyň söz bilen beýan edip bolmaýan joşgunyny we buýsanjyny heniz bärik ugramakak, ak mermerli paýtagtymyzyň demir ýol menzilinde başdan geçirdik. Hut şol ýerde, soňra bolsa Türkmenbaşy şäherine çenli geçen ýolumyzda bizi türkmenistanlylaryň müňlerçesi türkmen toýlaryna mahsus dabaralar, aýdym-saz bilen mübäreklediler.

Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahaty Türkmen döwletiniň Baştutanynyň Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna we gülläp ösmegine, halkyň hal-ýagdaýynyň has-da ýokarlanmagyna gönükdirilen syýasatynyň rowaç alýandygynyň ýene bir aýdyň subutnamasydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň