“Awazada” Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş bankynyň buýurmasy boýunça bäş ýyldyzly “Hazar” myhmanhanasy guruldy

11:4009.09.2015
0
41647

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bäş ýyldyzly häzirki zaman “Hazar” myhmanhanasyny açyp berdi. Ol Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş bankynyň buýurmasy boýunça  bina edilip, 300 myhman üçin niýetlenendir.

“Hazar”  myhmanhanasynda 134 otag bolup, olaryň 105-si bir otagly iki orunlyk otaglardyr, 10-sy  bir otagly 3 orunlyk, 8-si iki otagly 2 orunlyk naýbaşy otaglardyr, 10-sy iki otagly 4 orunlyk we 1-si dört orunlyk VIP otagdyr. Mundan başga-da, myhmanhananyň çäklerinde restoran, dükan, mejlisler zaly, awtoulaglar üçin duralga bar. Şeýle hem myhmanhananyň töwereginde akwapark, körpe myhmanlar üçin ýüzüş howzy, açyk asmanyň astynda amfiteatr we kafe ýerleşýär. Deňiz kenarynda kiçeňräk gämi duralgasy we suwa düşülýän kabinalar gurnalandyr. Dynç alýanlaryň howpsuzlygy üçin syn ediş dinleri oturdylandyr. Bu ýerde türgenleşik zaly, tennis meýdançasy, sport we çagalar üçin golf, woleýbol, basketbol hem-de sportuň kenarýaka görnüşleri üçin meýdançalar bar. Myhmanhanada dynç alýanlaryň wagtlaryny gyzykly geçirmekleri üçin bouling, bilýard oýnamak üçin hyzmatlar we 5D kinoteatryna tomaşa etmek üçin hyzmatlar hödürlenilýär. Mundan başga-da, dynç alýanlar dellekhana, owkalaýyş otaglarynyň, sauna hammamynyň we  VIP-SPA-nyň hyzmatlaryndan peýdalanyp bilerler.

Bu ýerde açylan her bir myhmanhana toplumynyň daşky durky meňzeş ýaly görünse-de, olaryň her biri özboluşly bezegi bilen tapawutlanýar. Myhmanhanalaryň daşky we içki bezegi nusgawy we häzirki zaman meýilleriň sazlaşygyny özünde jemleýär. “Naýbaşy” we adaty otaglarda hem amatly mebeller goýlyp, olaryň bezeginde dürli reňkleriň sazlaşygy emele getirilendir. Mundan başga-da, milli we ýewropa aşpezliginiň dürli tagamlaryny hödürleýän restoranlar we kafeler, işewür duşuşyklary geçirmek üçin mejlisler zallary, türgenleşik enjamlary oturdylan fitnes merkezleri, ýüzülýän howuzlar, saunalar, owkalaýyş otaglary myhmanlaryň ygtyýarynda bolar. Şypahanalaryň iň täze lukmançylyk enjamlary, fizioterapiýa abzallary oturdylan bejeriş bölümlerinde ýokary derejeli hünärmenleriň – terapewtiň, kardiologyň, stamotologyň we beýlekileriň maslahatlaryny belläp,  bejeriş-öňüni alyş tapgyrlaryny, şol sanda bejeriş palçygyny ýod-brom suwuny ulanmak arkaly bejergi alyp bolar. Myhmanhanalaryň ýanynda internet-kafeler bolup, olarda simsiz WI-FI ulgamyna girip bolýar, bu ýerde şeýle hem pul çalyşmak we pul geçirmeleri üçin banklaryň we Western Union ulgamynyň bölümleri işleýär.

Sagaldyş merkezleriniň abadanlaşdyrylan çäklerinde tomusky suw howdanlary şol sanda iň körpe myhmanlar üçin amfiteatrlar, çagalar üçin oýnalýan we sport meýdançalary, tennis meýdançalary, şeýle hem awtoduralgalar göz öňünde tutulypdyr. Her bir syýahatçylyk merkeziniň ýanynda diýen ýaly göçme gämi duralgasy gurnalandyr, olarda deňizde gezelenç etmegi halaýanlar üçin kiçeňräk gaýyklar we suw welosipedleri hödürlener, deňiz menzillerinde ýeňil gaýyklar ýüzüş edýärler, olar islendik wagtda deňizde gezelenç etmek isleýänleri kabul etmäge taýýardyrlar.  Deňiz giňişliginde bolsa “Awazanyň”- dünýäniň täze syýahatçylyk merjeniniň keşbi şöhlelenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň