“Awazada” Aşgabat şäheriniň häkimliginiň buýurmasy boýunça bäş ýyldyzly “Şamekan” myhmanhanasy guruldy

0
3515
50
25

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 12 gatly bäş ýyldyzly “Şamekan” myhmanhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy boýunça bina edilen bu ýokary derejeli myhmanhanada 112 otag, şol sanda bir orunlyk, iki orunlyk, maşgala üçin niýetlenen we naýbaşy otaglar bar. “Awazanyň” beýleki myhmanhanalar toplumlarynda bolşy ýaly,  bu ýerde dynç alýanlara iň aňrybaşy hyzmatlar hödürlenilýär.

Myhmanhananyň birinji gatynda 300 orunlyk restoran ýerleşýär.

Myhmanhana toplumynyň hyzmat gullugynyň düzümine şeýle hem köpugurly mejlisler zaly, dükanlar, kinozal, dellekhanalar, alyş-çalyş nokady girýär.

Sowgatlar dükanynda dürli sowgatlyk önümleriniň her dürli milli lybaslaryň,  halk senetkärliginiň özboluşly işleriniň we amaly-haşam sungatynyň önümleriniň arasynda Aziada-2017-niň nyşanlary şekillendirilen bezegli amatly torbalary aýratyn ünsi çekýär.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru