Soňky habarlar

Arhiw

“Awazada” Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň buýurmasy boýunça bäş ýyldyzly “Bagtyýar” myhmanhanasy guruldy

10:5409.09.2015
0
22479

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň  Aragatnaşyk ministrliginiň buýurmasy boýunça “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gurlan bäş ýyldyzly “Bagtyýar” myhmanhanasy açyldy.

Täze 12 gatly myhmanhana 300 orunlyk döwrebap toplumdan ybaratdyr. Bu ýerde bir orunlyk otaglaryň 60-sy, iki orunlyk otaglaryň 57-si, lýuks otaglarynyň 20-si,  şeýle hem VIP  myhmanlar üçin niýetlenen otaglar bar.

Bu ýerde, birinji gatda maslahatlar zaly, ýygnaklary gepleşikleri geçirmek üçin otag, howuz, sauna, trenažýor zaly, 2 dükan we alyş- çalyş nokady ýerleşýär. Myhmanhana toplumynda durmuş üpjünçiligi ulgamlarynyň ählisi göz öňünde tutulypdyr. “Bagtyýar” myhmanhanasyna öz awtoulaglarynda gelýänler üçin 50 orunlyk awtoduralga guruldy.

Ikinji gatda oýun oýnamak üçin enjamlar bilen üpjün edilen çagalaryň oýun meýdançasy ýerleşýär. Şol oýunlaryň hatarynda bouling hem bar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň