Soňky habarlar

Arhiw

Guam öz meýdanynda ýeňilmezekligine galýar, Serdar Azmun bolsa öz gollarynyň sanyny artdyrýar

08:5009.09.2015
0
4041

Suratda: Serdar Azmun geçiren pökgüsine şatlanýar.

Aziýa yklymynda futbol boýunça Dünýä çempionaty — 2018-iň toparça böleginiň 4-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Olaryň ikisi, bilşimiz ýaly, türkmen futbolçylarynyň çykyş edýän “D” toparçasynda boldy. Bu tapgyrda ildeşlerimiz oýundan boş bolansoň, biziň ähli ünsümiz garşydaşlarymyzyň duşuşyklaryna gönükdi.

Ilkinji bolup Ýuwaş ummanyndaky adada bolan oýun tamamlandy, ol ýerde toparçanyň öňdebaryjylary Guamyň hem Omanyň ýygyndylary duşuşdy. Guamlylar üçin bu Dünýä çempionaty — 2018-iň saýlama böleginde öz meýdanynda geçirýän üçünji duşuşygy boldy, geçen iki tapgyrda olar garaşylmadyk ýerde ilki Türkmenistanyň (1:0), soňra bolsa Hindistanyň (2:1) ýygyndylaryndan üstün çykdy. Guam öz meýdanynda Omanyň ýygyndysyna hem per bermedi (0:0). Ýogsa bu topar ilkinji iki duşuşygyny ýeňişli tamamlapdy: myhmançylykda Hindistanyň (2:1), öz meýdanynda bolsa Türkmenistanyň (3:1) ýygyndylaryndan üstün çykypdy.

Bangalorda geçen beýleki oýunda bu ýaryşa şowsuz başlan Hindistanyň ýygyndysy reýting boýunça Aziýanyň iň gowy topary bolan Eýranyň ýygyndysy bilen güýç synanyşdy. Tutuş oýnuň dowamynda has tejribeli myhmanlaryň uly artykmaçlygy mesaňa-mälim bildirdi we bu jogapsyz üç pökgüde öz beýanyny tapdy.

Hasaby 29-njy minutda Gurban Berdiýewiň elinde “Rostowda” ussatlygyny artdyrýan türkmen kökleri bolan eýranly hüjümçi Serdar Azmun açdy. Indi onuň hasabynda Dünýä çempionaty — 2018-iň saýlama böleginde 4 gol bar. Eýranyň ýygyndysynyň kapitany, şu duşuşykda iň gowy oýunçy diýlip bellenilen Andranik Teýmurýan 47-nji minutda hasaby artdyrdy. Şondan üç minut geçensoň, Mehdi Taremi gutarnykly hasaby goýdy — 3:0. Bassyr ikinji ýeňiş eýranlylara pökgi tapawudy nazara alnyp, “D” toparçada öňdäki orna geçmäge mümkinçilik berdi.

Türkmenistanyň ýygyndysynyň ýaryş tertibinde öňde barýan Eýranyň, Omanyň we Guamyň ýygyndylaryndan 6 utuk yza galmagy biziň futbolçylarymyza öz meýdanynda Hindistana (8-nji oktýabr) we Guama (13-nji oktýabr) garşy duşuşyklaryndan diňe ýeňiş gazanmak üçin oýnamaga borçly edýär.

Maglumat toplamagy halaýanlara duşuşygyň sanlaryny we delillerini hödürleýäris.

Dünýä çempionaty — 2018. Saýlama tapgyr. Aziýa. 2-nji tapgyr. "D" toparça.

 

8-nji sentýabr. Guam. Guamyň futbol asossiasiýasynyň stadiony. 2 239 tomaşaçy. 28 gradus С

Guam – Oman – 0:0

Duýduryş alanlar: Brendon Markui 41, Jonahan Romero 74 – Ahmed Mubarak 36, Abdul Aziz Al-Makbali 51.

Duşuşygyň iň gowy oýunçysy: derwezewan Dallas Jefreý Jaýe (Guam).

Baş emin: Kumira Hiroýuki (Ýaponiýa).

Kömekçi eminler: Toşiýuki Nagi, Karakami Satoşi (Ýaponiýa).

Ätiýaçdaky emin: Takuto Okabe (Ýaponiýa).

Duşuşygyň komissary: Aleks Çeung (Gonkong).

 

Dünýä çempionaty — 2018. Saýlama tapgyr. Aziýa. 2-nji tapgyr. "D" toparça

8-nji sentýabr. Bangalor. "Sri Kanteerawa" stadiony. 14 500 tomaşaçy. 28 gradus С.

Hindistan – Eýran – 0:3 (0:1)

Pökgüleri geçirenler: Serdar Azmun, 29 (0:1). Andranik Teýmurýan, 47 (0:2). Mehdi Taremi, 50 (0:3).

Duýduryş alanlar: Pronaý Halder 24 – Omid Ebrahimi 42, Morteza Puraliganji 89.

Duşuşygyň iň gowy oýunçysy: kapitan Andranik Teýmurýan (Eýran).

Baş emin: Ammar Ali Al-Jeýbi (BAE).

Kömekçi eminler:  Ahmed Said Ahmed Alasal Al-Raşdi, Zaýed Dawud Salman Kamal (BAE).

Ätiýaçdaky emin: Nowin Robeş Gamini (Şri-Lanka).

Duşuşygyň komissary: Mazen Ramadan (Liwan).

 

 «D» toparçasynda ýygyndylaryň ýerleşiş tertibi:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň