Bäş ýyldyzly “Merdana” myhmanhanasy halkyň hyzmatynda

0
3726
12
0

8-nji sentýabrda Awazada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda bäş ýyldyzly “Merdana” myhmanhanasy açyldy.   

Milli binagärligiň, nusgawy hem-de häzirkizaman binagärlik ugurlarynyň iň gowy däpleriniň sazlaşmagy 12 gatly “Merdana” myhmanhanasynyň keşbine özboluşly öwüşgin çaýýar. Onuň umumy meýdany ýanaşyk ýerleri bilen bilelikde 23 müň inedördül metre barabardyr. Myhmanhanada otaglaryň 153-si, şol sanda bir we iki orunlyk otaglaryň 121-si, maşgala otaglarynyň 21-si  we lýuks otaglarynyň 10-sy bar. Myhmanhananyň kaşaň otaglary oňaýly mebeller we döwrebap durmuş hem-de hyzmat ediş ulgamlary bilen üpjün edildi. Bu ýerde ýokary derejedäki myhmanhana hyzmaty amala aşyrylar. Myhmanhananyň içki otaglarynyň bezeginde dürli reňkler ulanylypdyr, olar bu ýerde dynç alýanlara rahatlyk paýlaýar.

Sagaldyş merkeziniň otaglarynyň ählisi öňdebaryjy ýöriteleşdirilen enjamlar bilen üpjün edilipdir. Bu ýerde ilkinji lukmançylyk kömegini bermek üçin niýetlenen otag, döwrebap tehnologiýalaryň esasynda keselleri anyklamak we dürli bejeriş-dikeldiş hem-de öňüni alyş çärelerini geçirmek üçin niýetlenen iň täze enjamlar bolan fizioterapiýa otagy bar. Şeýle hem bu ýerde bedeni owkalaýyş otagy ýerleşýär. Onda saglygy goraýyş ulgamynda giňden ulanylýan döwrebap owkalaýyş kürsüleri ornaşdyrylypdyr.

Işjeň dynç alýanlara sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga niýetlenen sport meýdançalary, bouling üçin zal we beýleki desgalar hyzmat edýär. Myhmanhananyň çäginde özboluşly telärler gurnalypdyr, olarda arassa howada wagtyňy göwnejaý geçirmek üçin ähli şertler döredilipdir. Körpe dynç alýanlar üçin çagalar oýun meýdançalary, suwa düşülýän howuzlar döredilipdir.

 Derejesine garamazdan, otaglaryň ählisi şypahana hyzmatynyň dünýä ülňülerine laýyk gelýär. Olarda aýratyn myhmanhana otagy, ýatylýan we wanna otaglary bar. Şol otaglar bolsa umumy peýdaly meýdanynyň göwrümi boýunça tapawutlanýar. Otaglarda döredilen amatlyklar häzirkizaman myhmanhana hojalygynyň iň belent derejesine laýyk gelýär. Otaglar, geçelgeler we lift hollary dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň enjamlary bilen üpjün edilipdir. Bu ýerde ulanylýan bezegli parket, kowrolin, diwar bezegleri we beýleki timar beriş serişdeleri hem belli önüm öndürijilerden getirildi. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru