7-nji sentýabrda Aşgabatda “Bitarap Türkmenistanyň 20 ýylda ýeten sepgitleri” atly daşary ýurtly ýaş diplomatlaryň okuwy geçirildi. Ilkinji gezek geçirilýän bu çäre Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesini almagynyň 20 ýyllygyna bagyşlandy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde açylan bu okuwa Hindistanyň, Türkiýäniň, Pakistanyň, Mongoliýanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň daşary syýasat edaralaryndan wekiller gatnaşdylar. Okuwyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde, Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezinde, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda, Türkmenistanyň Strategik meýilnamalaşdyryş we ykdysady ösüş institutynda okuw sapaklary geçiriler.
Okuwyň birinji gününde türkmen diplomatlary Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we ählumumy ösüş syýasaty barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Okuw çäresiniň dowamynda myhmanlara ýörite medeni meýilnama boýunça Aşgabadyň gözel ýerlerine, ýadygärliklerine, muzeýlerine aýlanmaga mümkinçilikler dörediler. Okuwlaryň tejribeli türkmen diplomatlary, ilçileri we alymlary tarapyndan alnyp barylmagy, şeýle hem okuwyň çäklerinde daşary ýurtly diplomatlaryň türkmen kärdeşleri bilen duşuşyklaryň, tanyşdyrylyş çäreleriniň geçirilmegi, birek-birek bilen hünär bilimleriň we tejribeleriň paýlaşylmagy üçin örän gymmatly tejribedir. Şeýle okuw sapaklary ýaş hünärmenlere halkara we sebit durmuşynyň möhüm meseleleri barada pikir alyşmaga, peýdaly çekişmeleri geçirmäge mümkinçilik berýär.