Soňky habarlar

Arhiw

Awazada Kongresler merkezi açyldy

21:2008.09.2015
0
7766

Hazaryň kenarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda iri Kongresler merkeziniň açylyş dabarasy boldy.

Öň ýüzünde altynsow nagyşlary bolan ak çadyr görnüşindäki, özboluşly binagärlik keşbine eýe bolan ägirt uly desganyň umumy meýdany 185 müň inedördül metre deňdir. Bu taslamany şähergurluşyk ulgamynda Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşy—belli “Polimeks Inşaat A.Ş.” türk kompaniýasy amala aşyrdy.

Merkez aşaky gaty hasaba almanyňda dokuz gatdan ybarat bolup, wekilçilikli çäreler, sammitler we ýokary derejedäki duşuşyklar, forumlar, maslahatlar we ýygnaklar üçin niýetlenen zallary öz içine alýar.

Binanyň ýanaşyk ýerleri 46 müň 490 inedördül metr meýdany eýeleýär. Merkeziň öňündäki esplanada abadanlaşdyrylyp,  bagy-bossanlyga bürelipdir, bu ýerde özboluşly çyralar oturdylyp, owadan çüwdürimler gurlan.Bina görnüşiniň kämilligi, içerki gurluşy we yşyklandyryş ulgamy bilen uly täsir döredýär. Gündogar binagärliginiň köp asyrlyk däplerini we häzirki zaman gurluşygyň soňky gazananlaryny öz içine aldy. Polunda we diwarlaryň birinde ýerleşdirilen ägirt uly akwariumlar bu zalyň özboluşly aýratynlygy bolup durýar. Şol akwariumlarda täsin balyjaklar ýüzüp ýör.

Merkezde 450 orunlyk kiçi zal we halkara maslahatlaryny we umumymilli forumlary geçirmek üçin niýetlenen 2 müň orunlyk mejlisler zaly bar. Bu zal zerur bolan enjamlar bilen üpjün edilip, onda wekilçilikli çäreleri ýokary derejede guramak üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr.

Maslahatlar zalyndan başga-da, bu ýerde  450 we 256 orunlyk banket zallarynyň ikisi, daşary ýurt döwlet Baştutanlary üçin iş otaglarynyň 5-si, ikiçäk görnüşdäki duşuşyklar üçin otag, 60 orunlyk mejlisler zaly, 40 orunlyk kinoteatr göz öňünde tutuldy. Toplumyň içki bezegi amala aşyrylanda gymmatly serişdeler – mermer, granit we agajyň gymmatly görnüşleri ulanyldy.

Binanyň  3, 4 we 5-nji gatlarynda 80, 100 we 120 orunlyk mejlisler zaly, maslahat geçirmek üçin 30 orunlyk kiçi zallaryň 3-si, ikiçäk görnüşdäki duşuşyklar üçin iş otaglarynyň 3-si, belent mertebeli myhmanlar üçin şahsy otaglar, şeýle hem habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin 100 orunlyk metbugat merkezi ýerleşdirildi. Otaglaryň hemmesi zerur bolan enjamlar bilen üpjün edildi, munuň özi täze işewürlik merkezinde netijeli we amatly işlemegi üpjün eder.

Binanyň ýokarky gatynda syn ediş meýdançasy bolup, ondan Awazanyň gözel keşbi we Kongresler merkezini gurşap alan suw çüwdürimli, ýaşyl zolakly, köprüli we duralgaly meýdanyň görnüşi açylýar.

VIP derejeli aýratyn sport toplum üçin 12 müň inedördül metrden gowrak meýdan bölünip berlip, bu ýerde  ýüzülýän howuz, köpugurly sport zal we beýlekiler ýerleşdirilen.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň