Awaza Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatyna gatnaşyjylary we myhmanlary garşylaýar

21:5507.09.2015
0
3878

Deňizýaka Türkmenbaşy şäherine uçarlar, otlular, ähli amatly şertleri bolan awtobuslar yzly-yzyna gelip durlar. Olar Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatyna gatnaşyjylary we myhmanlary alyp gelýärler. Hazaryň ýakasyndaky şäher we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy hormatly myhmanlary garşylamaga doly taýýar edilipdir. Bu ýeriniň keşbi özgeripdir. Köçeler, binalar abatlanypdyr.

Foruma gatnaşyjylar we myhmanlar üçin “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda aňrybaş amatly şertler döredilipdir. Bu ýerde rahat otaglar, ajaýyp kottej toplumlary, saglyk we dynç alyş merkezleri konsert üçin ýerler olaryň hyzmatynda. Giň hyzmatlar ulgamy dünýä ülňülerine doly laýyk gelýär.

Forumyň medeni meýilnamasy hem edil maslahatyň iş sagatlary ýaly gyzykly we many-mazmunly bolar. Hazaryň kenar ýakasyndaky dabaralar ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň, tans we folklor toparlarynyň, belli halk we estrada aýdymçylaryň we sazandalaryň gatnaşmagynda uly konsert jemlener.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň