“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda häzirki zaman sport toplumy açyldy

0
1095
1
0

6-njy sentýabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary başlandy, bu ýerde möhüm binagärlik açylyşlary, şeýle hem Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynda Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky täze binagärlik açylyşlarynyň başyny häzirki zaman sport toplumynyň açylyşyndan başlaýar. Bu binany döwlet Baştutanynyň Kararyna laýyklykda “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniniň buýurmasy esasynda türk kompaniýasy gurdy. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýanlaryň wagtlaryny gyzykly we oňaýly geçirmekleri üçin has amatly şertleri döretmek, ýurdumyzda sporty has-da ösdürmek maksady bilen bina edilen sport desgasynyň umumy meýdany 11 müň 660 inedördül metrden ybaratdyr.

Bu ýerde fitnes-merkez bolup, ol ýerde oturdylan sport enjamlary, şol sanda dürli görnüşli agyrlyklary götermek bilen bedeniň gurluşyny ajaýyp görnüşe getirýän dürli sport enjamlary, türgenlere bolşy ýaly, bu ugurda ilkinji ädimleri ädýänleriň talaplaryna laýyk gelýär.

Sport toplumynyň birinji gatynda sauna, türk hammamy we SPA-salon ýerleşýär. Şeýle hem bu ýerde suwda ýüzmek üçin we sportuň suwdaky beýleki görnüşleri bilen meşgullanmak üçin zal bar.

Beýleki bir reňk öwüşgini bilen bezelen toplumyň ikinji gatynda bilýard we bouling, tennis oýunlary bilen meşgullanmak üçin otaglar ýerleşdirildi. Biziň ýurdumyzda sportuň bu görnüşleriniň meşhurlygy artýar, aýratyn-da ýaşlaryň arasynda ýokarlanýar.

Sport toplumynyň üçünji gatyndaky açyk meýdançadan Awazanyň ajaýyp keşbi eliň aýasynda ýaly görünýär. Onuň keşbini ýokary derejeli ajaýyp myhmanhanalar hem-de abadanlaşdyrylan dynç alyş zolaklary bezeýär.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru