"Ýañlan diýarym!" -2015 bäsleşiginiñ Lebap welaýat tapgyry geçirildi

0
206
9
0

4 -nji sentýabrda  "Ýañlan, diýarym!"-2015 bäsleşiginiñ Lebap welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenabat şäheriniñ Bitaraplyk seýilgähinde geçirilen bäsleşige höwesjeñ aýdymçy ýaşlaryñ 10-sy gatnaşdylar.

Bäsleşigiñ şertine görä, olaryñ hersi iki aýdym bilen çykyş etdiler. Munda aýdymçylaryñ aýdymlaryny saýlap alşyna, ýerine ýetirişine, sahnada özlerini alyp baryşlaryna, aýdymynyñ sözlerini dürs aýdyşlaryna baha berdiler.

Emin agzalaryñ biragyzdan gelen netijesine görä, welaýatyñ ýörite sungat mekdebiniñ talyby  Bägül Penjiýewa we Beýik Türkmenbaşy adyndaky etrapdan Magtymguly Rozymämedow bäsleşigiñ ýeñijileri boldular. Olara Türkmenistanyñ Prezidentiniñ adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Ýeñijiler ýurt Garaşsyzlygynyñ 24 ýyllygy  mynasybetli geçiriljek bäsleşigiñ jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru