Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyryna taýýarlanýar

13:3706.09.2015
0
1353

Şu günler Türkmenistanyň 19 ýaşa çenli futbolçylardan düzülen ýygyndysy 2016-njy ýylda geçiriljek Aziýa çempionatynyň saýlama duşuşyklaryna taýýarlyk görýär. Häzirki türgenleşik işleri paýtagtymyzdaky sport toplumlarynda geçirilýär. 19 ýaşa çenli ýygyndymyzyň düzüminde Ýokary ligadaky toparlarymyzyň düzüminde çykyş edýän ýaş zehinler hem bar, 1-nji liganyň wekilleri hem. Ýygyndymyzyň baş tälimçisi Ahmet Agamyradow.

Şu günler 19 ýaşa çenli ýygyndy toparymyz türgenleşiklerini Ýokary we 1-nji liganyň toparlary bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirmek bilen dowam etdirýärler. Ýygyndy toparymyz ýakynda «Köpetdag 2» we HTTU futbol toparlary bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirdiler.

«Köpetdag 2» bilen geçirilen duşuşyk başdan-aýaga  ýetginjekler ýygyndymyzyň artykmaçlygy bilen geçdi. Duşuşygyň eýýäm birinji ýarymynda ýygyndy toparymyz 3:1 hasabynda öňe çykdy.  Bu artykmaçlyk ikinji ýarymda hem dowam edip, «Köpetdag 2-niň» derwezesine ýene 6 pökgi girdi. Duşuşykda «Ahalyň» we ýetginjekler ýygyndymyzyň hüjümçisi Mihail Titow  4, Ş.Muhammedow 2 gezek tapawutlandy. Beýleki pökgüleri bolsa Ý.Muhadow, B.Akmämmedow, M.Seýidow dagylar geçirdi. «Köpetdag 2-niň» ýeketäk jogap pökgüsiniň awtory M.Gurbangulyýew.

5-nji sentýabrda 19 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndymyz  Ýokary ligada orta gürpde çykyş edýän  HTTU  futbol topary bilen duşuşdy. Ýöne «Köpetdag 2-ä» garanyňda has tejribeli HTTU ýetginjekler ýygyndymyzy uly hasap bilen ýeňdi. 6:0 hasabynda HTTU-nyň peýdasyna tamamlanan duşuşykda Didargeldi Kowusow (18-nji minutda), Gurbangeldi Batyrow (28-nji minutda), Orazberdi Myradow (37, 49-njy minutlar), Azat Şamyradow  (75, 83-nji minutlar) dagy tapawutlandy.

19 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndymyzyň ýurdumyzdaky türgenleşikleri 23-nji sentýabra çenli dowam eder. Şol gün ýygyndymyzyň bir hepdelik okuw-türgenleşigi üçin Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherine ugramagyna garaşylýar. Bu ýerden hem ýygyndymyz saýlama duşuşyklaryň geçiriljek ýerine — Saud Arabystanyna gider.

Ýetginjekler ýygyndymyz U-19 Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyrynda  «B» toparçada çykyş eder. Bu toparçada ildeşlerimizden başga-da Ýemeniň, Saud Arabystanynyň we Siriýanyň 19 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndylary bar. Duşuşyklar Saud Arabystanynyň Al-Hasa şäherinde Şazada Abdulla al-Jalawi adyndaky stadionynda geçiriler.

«B» toparçanyň duşuşyklary 2 — 6-njy oktýabr aralygynda geçiriler. Ildeşlerimiz 2-nji oktýabrdaky ilkinji duşuşygynda ýer eýeleriniň ýygyndysy bilen duşuşar. 4-nji oktýabrda geçiriljek duşuşykda bolsa ildeşlerimiziň garşydaşy Ýemeniň ýetginjekler ýygyndysy bolar. Ildeşlerimiz 6-njy oktýabrda geçiriljek soňky duşuşykda Siriýa Arap Respublikasynyň topary bilen duşuşar.

Jemi 16 sany ýetginjekler ýygyndysynyň arasynda geçirilýän U-19 Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyrlarynda toparçalary birinji orunda tamamlan ýygyndylar gönüden göni çempionata gatnaşmaga hukuk gazanar. Toparçalaryň ikinji orunlarynyň arasyndan bolsa iň gowy 6 topar Aziýa birinjiligine gatnaşdyrylar. Toparçada üçünji we dördünji orunlary eýelän ýygyndylar ýaryşy şol ýerde tamamlar.

Sebitiň iri futbol ýaryşynda ildeşlerimize üstünlik arzuw edýäris!  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň