Geçen hepdede TDHÇMB-de bolan söwdalarda geleşikleriň 15-si hasaba alynyp, umumy bahasy 7 million 235 müň manatdan gowrak boldy

0
531
0
0

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Hytaýdan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Ukrainadan, Gyrgyzystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler jemi bahasy ABŞ-niň 609 müň dollaryndan gowrak bolan nah ýüplügi, pagta süýümini, pagta lintini satyn aldylar.

Manat serişdelerine Russiýanyň we Şweýsariýanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 7 million 235 müň manatdan gowrak bolan arassalanan pagta ýagyny, trikotaž matalaryny, şeýle hem nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 19 müň  manat bolan awtoulagy satyn aldylar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru