Mongoliýada Türkmenistanyň medeniýet günleri geçiriler

0
502
0
0

22—24-nji sentýabrda Türkmenistanyň Mongoliýadaky Medeniýet günleri geçiriler. Bu döredijilik çäresine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleriniň ýörite topary bu dostlukly ýurda ugrar.

Medeniýet günleriniň çäklerinde Mongoliýanyň Bilim, medeniýet we ylym ministrliginde duşuşyk, konsert çykyşlary, türkmen halkynyň amaly-haşam sungatynyň, muzeý gymmatlyklarynyň sergisi göz öňünde tutulýar.

Medeniýet günleri dostlukly hem-de ynanyşmak gatnaşyklaryny saklamakda ynsanperwer hyzmatdaşlygy, milli medeniýetiň we sungatyň ösdürilmegini, baýlaşdyrylmagyny, işjeň tejribe alşylmagyny, türkmen halkynyň ruhy mirasynyň dünýä ýüzünde wagyz edilmegini şertlendirer.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru