Türkmen futbolçylary Omanda diňe bir jogap pökgüsi bilen kanagatlanmaly boldular

0
1220
2
7

Türkmenistanyň ýygyndysynyň futbolçylary Dünýä çempionaty — 2018-iň saýlama duşuşygynda Omandan 1:3 hasabynda ýeňildiler. Oýun Maskatyň “Sib” stadionynda 7,5 müň tomaşaçynyň gatnaşmagynda geçirildi.

Duşuşygyň öň ýaýnyndaky metbugat maslahatynda Omanyň ýygyndysynyň baş tälimçisi, öz döwründe belli fransuz futbolçysy bolan Pol Le Guen şeýle diýdi:

—Dünýä çempionaty — 2018-iň her bir oýny biziň üçin wajyp bolup durýar, biz öz meýdanymyzda ýa-da myhmançylykda ýeke utuk hem ýitirmek islämzok.

Omanyň ýygyndysy oýun güni FIFA-nyň reýtinginde 100-nji, Türkmenistanyň ýygyndysy bolsa 149-njy orunda ýerleşipdir. Bu oýun bolsa iki toparyň arasyndaky ilkinji resmi duşuşyk boldy.

“Biz bu oýunda ýeňşe esasy dalaşgärdigimizi bilýäris, ýöne biz Türkmenistan bilen boljak duşuşykda seresap bolmaly. Bu topar öz meýdanynda Eýrana garşy 1:1 oýnap, bizi haýran galdyrdy— diýip, Omanyň ýygyndysynyň baş tälimçisi duşuşygyň öň ýanyndaky metbugat maslahatynda aýtdy.

Oman Dünýä çempionaty — 2018 saýlama bölegine “D” toparçasynda 11-nji iýunda Bangalorda Hindistany 2:1 hasabynda ýeňmek bilen başlady. Türkmenistan bolsa myhmançylykda Guamdan ýeňlensoň (0:1), öz meýdanynda reýting boýunça Aziýanyň iň gowy topary bolan Eýran bilen 1:1 oýnady.

Öz gezeginde Türkmenistanyň ýygyndysynyň baş tälimçisi Annagylyç Koçumow ýer eýelerine — Omana garşy kyn oýunuň garaşýanlygyny belläp, “toparyň garşydaşyň çagyryşyny kabul etmäge taýýardygyny” aýtdy.

Türkmenistanyň ýygyndysynyň kapitany Ahmet Ataýew bolsa toparyň Maskatyň yssy hem petiş howasynda oýnamaga taýýardygyny mälim edip, “Bu günki oýunda howa şertleri esasy zat bolmaz” diýdi.

Duşuşygyň wakalarynyň görkezişi ýaly, yssy howa ýer eýeleri çalt uýgunlaşdylar. Hasaby 7-nji minutda duşuşygyň iň gowy oýunçysy diýlip yglan edilen Raýed Saleh açdy. 4 minutdan soň bolsa biziň toparymyzyň goragçysy atdanlykda pökgini öz derwezesine geçirdi.

Ikinji ýarymda Imad Al Hosni hasaby 3:0-a çykardy. Ýöne duşuşygyň tamamlanmagyna 7 minut galanda özbekleriň “Almalygynda” oýnaýan türkmen futbolçysy Arslanmyrat Amanow bir jogap pökgüsini geçirdi — 3:1.

Netijede bassyr ikinji ýeňşini gazanan Omanyň futbolçylary 6 utuk toplap, ýaryşyň tertibinde öňdäki oruna geçdiler. Myhmançylykda Eýranyň ýygyndysyndan 0:6 hasabynda asgyn gelen Guamyň toparynyň hem şonça utugy bar. Bu oýunda ýer eýelerinden pökgüleri Aşkam Dejagah (10-njy minut), Mehdi Taremi (31-nji we 65-nji minutlar), Serdar Azmun (34-nji we 41-nji minutlar) Mohdi Tarabi (89-njy minut) geçirdiler.

Bu eýranly futbolçylaryň Dünýä çempionaty — 2018-iň saýlama bölegindäki ilkinji ýeňşi, guamlylaryň bolsa ilkinji ýeňlişidir.

“D” toparçasyndaky indiki duşuşyklar 8-nji sentýabrda geçiriler. Şol gün Hindistan öz meýdanynda Eýrany kabul eder, Ýuwaş ummanyndaky adada bolsa öňde barýan Guam bilen Oman duşuşar.

Türkmenistanyň ýygyndysy barada aýdylanda, topar indiki duşuşygyny 8-nji oktýabrda Aşgabatda Hindistanyň toparyna garşy geçirer.

 

Maglumat toplamagy halaýanlara duşuşygyň sanlaryny we delillerini hödürleýäris.

Dünýä çempionaty — 2018. Saýlama tapgyr. Aziýa. 2-nji tapgyr. "D" toparça.

3-nji sentýabr. Maskat. «Sib» sport toplumy. 7 500 tomaşaçy. 39 gradus С.

Oman – Türkmenistan – 3:1 (2:0)

Pökgüleri geçirenler: Raed Saleh, 7 (1:0). Mekan Saparow, 11 awtogol (2:0). Imad Al Hosni, 59 (3:0). Arslanmyrat Amanow, 83 (3:1).

Oman: Ali Al Habsi (kapitan), Mohammed Al-Musalami, Raed Saleh (Mohamed Ali Siýabi, 76), Eid Al-Farsi (Ali Hilal Al-Jabri, 87), Abdul Aziz Al-Makbali, Kasim Said, Saad Al Mukaini, Ahmed Mubarak, Abdul Sallam Al Mukaini, Ali Sulaiman Al Busaidi, Imad Al Hosni (Saud Al Farsi, 68).

Türkmenistan: Nikita Gorbunow, Ýagmyrmyrat Annamyradow, Şöhrat Söýünow, Mekan Saparow, Zafar Babajanow, Bagtyýar Hojaahmedow, Ahmet Ataýew, kapitan (Süleýman Orazow, 59), Ruslan Mingazow, Artur Geworkýan (Guwanç Abylow, 74), Serdaraly Ataýew (Süleýman Muhadow, 66), Arslanmyrat Amanow.

Duýduryş alanlar: Ýagmyrmyrat Annamyradow 30, Ahmet Ataýew  55.

Duşuşygyň iň gowy oýunçysy: Raed Saleh.

Duşuşygyň baş emini: Muhammad Taki (Singapur).

Gapdal eminler: Jeffri Goh, Lim Kok Heng (Singapur).

Ätiýaçdaky emin: Jansen Fu (Singapur).

Duşuşygyň inspektory: Bujsaim Ali Mohamed (BAE).

Duşuşygyň komissary: Ali Jebril (Palestina).

 

“D” toparçasynda komandalaryň ýerleşiş tertibi

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru