Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň 8 aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy

11:4704.09.2015
0
12107

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk  ministri Ý.Berdiýew 3-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň 8 aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine nobatdaky mejlisinde 2015-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda  harby ulgamda özgertmeleri amala aşyrmak boýunça alnyp barlan giň möçberli işler, Milli howpsuzlyk  ministrligi tarapyndan durmuş – jemgyýetçilik durnuklylygyny saklamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow milli howpsuzlygyň esaslaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhümdigini nygtap, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýolbaşçysyna ýurdumyzda oňaýly jemgyýetçilik – syýasy ýagdaýyň saklanylmagyna  takyk we hemmetaraplaýyn gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysady taýdan gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadançylygynyň has-da ýokarlanmagynyň girewidir.

Mejlisiň çäklerinde Milletiň Lideri harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň ýylyň başyndan bäri ýerine ýetiren işleriniň we öz garamagyndaky düzümleriň Döwlet Baştutanynyň öňde goýan wezipelerini çözmekde alnyp barlan işler baradaky hasabatlaryny diňledi.

Mejlisiň barşynda ministr Belent Serkerdebaşymyzyň garamagyna “Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-Deňiz Güýçleri serkerdeligini döretmek hakyndaky” kararyň taslamasy hödürlendi. 

Milletiň Lideri hasabaty diňläp, Garaşsyz hem Bitarap döwletimiziň dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk serhetleri bolup durýan mukaddes araçäkleriniň hemişe mähriban halkymyzyň parahatçylykly we döredijilikli durmuşynyň ygtybarly galkany bolup hyzmat etmelidigini belledi. Diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina laýyklykda amala aşyrylýan özgertmeler bilen baglylykda, milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak we pugtalandyrmak boýunça yzygiderli   işler alnyp barylýar. Şu gün  kabul edilýän çözgüt hem munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Belent Serkerdebaşymyz biziň Bitarap Watanymyzyň taryhynda ilkinji gezek ýurdumyzyň Harby – Deňiz Güýçleriniň serkerdeliginiň döredilýändigini belläp, kabul edilýän resminamanyň taryhy häsiýetini nygtady. Bu serkerdelik eziz Watanymyzyň deňiz serhetlerini gorar.

Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň buýurmasy boýunça kaşaň “Merdana” myhmanhanasynyň gurluşygynyň tamamlanmagy mynasybetli onuň açylyş dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Şeýle hem Milletiň Lideri “Ýol hereketiniň howpsuzlygy—ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäklerinde jogapkär düzümler bilen bilelikde guralýan çäreleriň meýilnamasynyň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdyryldy.

Döwlet Baştutany häzirki döwrüň howplaryna hem-de wehimlerine garşy göreşmekde tagallalaryň birleşdirilmeginiň wajypdygyny nygtap, Türkmenistanyň dünýä bileleşigi bilen bilelikde mundan beýläk hem neşe serişdeleriniň ýaýradylmagyna berk we barlyşyksyz göreş alyp barjakdygyny, kabul edilen milli maksatnamalaryň çäklerinde  hem-de abraýly halkara guramalary bilen özara gatnaşyklar babatda neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygynyň öňüni almak, neşekeşligiň düýp-teýkary bilen soňuna çykmak boýunça  giň möçberli çäreleri amala aşyrjakdygyny belledi.

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Nobatow 8 aýda  ýerine ýetirilen işler barada hasabat berip, bu işleriň netijesinde dünýäniň dürli künjeklerinden ýurdumyza iş we tanyşlyk saparlary bilen gelýän daşary ýurtly myhmanlaryň sanynyň barha artýandygyny aýdyňlyk bilen görkezýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  häzirki Türkmenistana, onuň baý taryhyna hem-de täze taryhy eýýamda gazanýan üstünliklerine gyzyklanmanyň barha artýandygyna şaýatlyk edýän bu oňyn ýagdaýy kanagatlanma bilen belläp, gullugyň öňünde duran jogapkärli wezipeleri mundan beýläk-de üstünlikli çözmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Belent Serkerdebaşymyz giň möçberli özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň esaslaryny pugtalandyrmakda harby we hukuk goraýjy edaralaryň möhüm ornuny belläp, parahatçylygy söýüji döwletimiziň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan  Harby doktrinadan ugur almak bilen, ýurdumyzyň  harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitjekdigini, harby gullukçylaryň maşgalalarynyň ýaşaýyş-durmuş meselelerine aýratyn üns berjekdigini nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň