Soňky habarlar

Arhiw

Aziýa Dünýä çempionaty — 2018-iň saýlama duşuşyklarynyň geçirilýän güni FIFA Türkmenistanyň ýygyndysynyň täze reýtingini mälim etdi

17:2703.09.2015
0
3250

Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndy topary GDA Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda üçünji ornuny saklap galdy. Bu barada şu gün FIFA-nyň Sýurihdäki (Şweýsariýa) ştab-kwartirasynda täzelenen reýting-sahypasynda habar berilýär.

Oňa laýyklykda türkmen futbolçylary 172 ball bilen dünýäniň 209 toparynyň arasynda 149-njy orny eýeleýär. Şunlukda ýygyndy toparymyz Gyrgyz Respublikasynyň (160 ball bilen 155-nji orunda) we Täjigistanyň (155 ball bilen 158-nji orunda) ýygyndylardan öňde ýerleşýär. Özbegistanyň (453 ball) we Gazagystanyň (184 ball) ýygyndylary degişlilikde 76-njy we 145-nji ýerleri eýeleýär.

Türkmen futbolçylary Aziýa yklymynda hem öňki orunda — 46 toparyň 23-nji ýerde galdylar. Türkmen futbolçylarynyň şu günki garşydaşy bolan Omanyň ýygyndysy bir basgançak aşak düşdi, indi bu topar 329 ball bilen dünýä reýtinginde 100-nji orny eýeleýär.

Aziýanyň iň gowy topary Eýranyň ýygyndysy 716 ball bilen 40-njy orunda ýerleşdi. Reýtingde dünýäniň wise-çempiony we Amerikanyň Kubogynyň kümüş medalynyň eýesi argentinalylar öňde barýar (1442 ball). Ikinji orun belgiýalylara (1269 ball) üçünji orunda bolsa dünýä çempionlary nemes futbolçylaryna (1248 ball) degişli bolup durýar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň