Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda döwrebap okuw studiýasy açyldy

0
1111
0
0

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň  Halkara gatnaşyklary institutynda Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministriniň diwanynyň ýanyndaky hyzmatdaşlyk we utgaşdyrmak baradaky Türk agentligi bilen bilelikde täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda  Halkara gatnaşyklar institutynyň halkara žurnalistikasy bölüminiň talyplarynyň tejribe sapaklary üçin döwrebap okuw studiýasynyň, halkara gatnaşyklary boýunça türk we iňlis dillerindäki neşirleriň kitaphanasynyň açylyş dabarasy boldy.

Bu ýerde geçirilen dabara Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministriniň diwanynyň ýanyndaky hyzmatdaşlyk we utgaşdyrmak baradaky Türk agentliginiň başlygynyň orunbasary Mehmed Sureýýa Eromyň ýolbaşçylygyndaky türk wekiliýetiniň agzalary,  Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mustafa Kapuju, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň ýolbaşçylary, mugallymlary we talyplary,  ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Dabara gatnaşyjylaryň kanagatlanma bilen belleýişleri ýaly, Türkmenistan we Türkiýe birnäçe möhüm ugurlar, şol sanda ylym we bilim ulgamlary boýunça özara gatnaşyklarynyň baý tejribesini topladylar. Munuň özi döwletara gatnaşyklaryny iş ýüzünde ösdürmek üçin ygtybarly binýady emele getirýär. Aşgabatda Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň täze binalar toplumynyň gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýar. Köpsanly türkmen talyplary Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar.

Şu ýylyň 7-nji awgustynda milletiň Lideriniň Stambul şäherine bolan iş saparynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda geçirilen gepleşikler iki doganlyk halklaryň milli bähbidine laýyk gelýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändiginiň we çuňlaşdyrylýandygynyň subutnamasyna öwrüldi. Stambulda geçirilen gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-türk gatnaşyklary diňe bir özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini däl, eýsem, sebitiň durnukly ösüşiniň üpjün edilmegini we häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň oňyn çözülmegini şertlendirýär diýip nygtadylar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru