Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

09:0703.09.2015
0
3913

2-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Ralf Andreas Breti kabul etdi. Ol döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin milletiň Liderine hoşallyk bildirip,  döwlet Baştutanyna GFR-iň Prezidenti Ýoahim Gaukyň we Federal kansler Angela Merkeliň hoşniýetli sözlerini hem-de iki ýurduň we halklaryň bähbidine laýyk gelýän döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýokary ýolbaşçy düzümine iň gowy arzuwlaryny aýtdy hem-de Türkmenistanyň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we özara peýdaly esasda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn berkidilmegine aýratyn ähmiýet berýändigini belledi.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Ralf Andreas Breti GFR-iň Türkmenistandaky doly ygtyýarly wekili wezipesine bellenilmegi bilen gutlap, ikitaraplaýyn esasda bolşy ýaly, köptaraplaýyn derejede, öňi bilen bolsa Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy we beýlekiler ýaly  iri halkara guramalarynyň çäklerinde ýola goýulýan türkmen-german hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilmegine gönükdirilen işlerinde üstünlik arzuw etdi. Munuň özi ählumumy howpsuzlygyň üpjün edilmegini öz içine alýan häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözgüdine iki ýurduň garaýyşlarynyň we çemeleşmeleriniň ýakyndygyny nazara alanyňda has-da wajypdyr.

Köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň barşynda iki ýurduň döwlet ösüşiniň esasy ugurlaryny nazara almak bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň zerurdygy nygtaldy.

Döwlet Baştutany hem-de GFR-iň doly ygtyýarly wekili soňky ýyllarda  medeni-ynsanperwer ulgamlardaky, aýratyn-da, saglygy goraýyş we derman senagatynda, ýokary tehnologiýalar ulgamynda özara gatnaşyklaryň oňyn tejribelerini nazara almak bilen türkmen-german gatnaşyklarynyň ýokary derejä ýetendigini kanagatlanma bilen bellediler.

Diplomat gatnaşyklaryň köpýyllyk işewür häsiýete eýe bolmagyny hem-de ony ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny   belläp,  bu gatnaşyklaryň netijeli ösdürilmeginde halkara hyzmatdaşlygyna, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen ýola goýulýan gatnaşyklara Türkmenistanyň Prezidentiniň aýratyn üns bermeginiň  örän ähmiýetlidigini nygtady.

Germaniýanyň işewür düzümleriniň geljegi uly türkmen bazarynda öz ornuny pugtalandyrmaga bolan gyzyklanmalary, soňky ýyllarda nemes kompaniýalarynyň gatnaşmagynda durmuşa geçirilen taslamalar, şeýle hem olaryň Türkmenistanda öz şahamçalaryny we wekilhanalaryny açmak bilen, milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynda birnäçe bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle taslamalar nebitgaz pudagynda, dokma senagatynda, saglygy goraýyş, ulag we aragatnaşyk ugurlarynda, energetika we täze tehnologiýalar, oba hojalyk ulgamlarynda amala aşyryldy. Türkmenistanda Germaniýanyň Ykdysadyýet gününi geçirmek asylly däbe öwrüldi. Bu çäre iki ýurduň önüm öndürijileriniň gatnaşyklarynyň giňeldilmegini we türkmen-german hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze derejä çykmagyna ýardam edýär.

Döwlet Baştutany we ilçi Türkmenistanyň we GFR-iň döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny tassyklap,  söwda-ykdysady gatnaşyklary giň ugurlar boýunça ösdürmegiň, ynsanperwer ulgamdaky, has takygy, ylym, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlaryndaky döwletara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmagyň zerurdygyny bellediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň