Arhiw

Türkmen paýtagtynda täze Çagalar awtomobil şäherjigi öz gapylaryny giňden açdy

17:0302.09.2015
0
9977

1-nji sentýabrda türkmen paýtagtynda IIM-niň Çagalar awtomobil şäherjigi ýaşlar üçin öz gapylaryny giňden açdy. Ol döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, şu gün badalga alan “Ýol hereketiniň howpsuzlygy—ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň aýdyň wakalarynyň birine öwrüldi. Açylyş dabarasyna awtomobil sportunyň muşdaklary, aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary, hormatly ýaşulular we ýaşlar, şeýle hem bu ýerde ýol hereketiniň düzgünlerini öwrenjek, awtomobil şäherjiginiň ýaş eýeleri bolan köpsanly çagalar gatnaşdylar.

Abadanlaşdyrylan giň çägi bolan, ýurdumyzyň Içeri işler ministrligine degişli iki gatly binany ýerli “Aga gurluşyk” kompaniýasy gurdy. Awtomobil şäherjigi paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde—Çoganly obasyndaky Türkmenistanyň IIM-niň Awtoulag sporty merkeziniň ýanynda ýerleşdirildi. Şeýlelikde, paýtagtymyzyň bu künjeginde ulular we çagalar üçin awtomobil sport—okuw merkezi döredildi.

Awtomobil şäherjiginiň binasynda ýerleşdirilen ýol hereketiniň muzeýi şu günki dabaranyň maksatnamasyny açdy. Muzeýiň köp dürli bölümleri Ýol gözegçilik gullugynyň taryhy we ilkinji awtoulaglaryň ýurdumyzyň ilatly ýerleriniň köçelerinden gatnap başlan wagtyndan bäri geçen döwür hakynda gürrüň berýär. Ýol gözegçilik gullugynyň taryhy baradaky bölümde aragatnaşyk serişdeleri we enjamlary, dürli ýyllaryň ýol hereketini kadalaşdyryjylaryň hem-de gözegçileriň lybaslarynyň görnüşleri, gullugyň döreýşi we işi, şol sanda ösüp gelýän nesle köp gatnawly köçelerde howpsuz hereket etmegi öwredýän asylly iş hakynda gürrüň berýän suratlar we wideofilmler saklanýar. Awtoulaglaryň nusgalary boýunça dürli ýyllaryň ýol gözegçileriniň ulanan awtomobilleri hakynda düşünje almak bolýar.

Ýaş aşgabatlylar okuw otaglarynda ýol hereketiniň düzgünlerini öwrenip bilerler. Mugallymlar kompýuteriň we multimediýa ulgamlarynyň kömegi bilen  pyýadalar hem-de sürüjiler üçin ýol hereketiniň düzgünleri, ýol belgileri, görkezijileri hakynda gürrüň bererler, alnan bilimi oýun görnüşinde barlamaga we berkitmäge kömek edýär. Bilim ministrliginiň we Içeri işler ministrliginiň hünärmenleri tarapyndan bilelikde işlenip taýýarlanan okuw maksatnamasy dürli ýaşdaky çagalar üçin niýetlenendir.

Bu ýerde mekdep okuwçylary üçin kiçi kino zal  göz öňünde tutulyp, onda ýol hereketiniň düzgünlerine we howpsuzlygyna bagyşlanan filmler görkeziler.

Soňra dabara gatnaşyjylar awtomobil şäherjiginiň açyk meýdançasyna bardylar, bu ýerde kiçi awtodrom ýerleşýär. Bu ýerde şäheriň ýollarynyň we onuň daşyndan geçýän ýollaryň bir böleginiň kiçi nusgasy döredilipdir. Ýanýodalaryň  gara örtügi, ýol hereketini sazlaýan çyralar, ýol nyşanlary we belgileri—hemme zat hakyky köçelerdäki ýaly gurnalypdyr. Muzeýde, okuw otaglarynda we kino zalda alnan bilimi tejribede berkitmek üçin ajaýyp şertler döredildi.

Awtomobil şäherjiginiň ýaş eýeleri welomobillere hem-de elektromobillere münüp, şäherjigiň köçeleri boýunça, pyýadalar bolsa ýanýodalar we geçelgeler boýunça hereket edip, ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý edip, çyralaryň yşaratlaryna hem-de ýol gözegçileriniň görkezmelerine eýerdiler. Şäheriň daşyndan geçýän köçeleriň ugrunda ýolda duşup biläýjek haýwanlaryň keşpleri oturdylyp, şol ýerlerde hem ýoluňa dykgat etmegiň, hereketiň dowamynda mümkin bolan päsgelçilikler hakynda bilmegiň zerurdygyny ýatladýan nyşanlar bar. Awtomobil şäherjiginiň  çäginde çagalar üçin oýun meýdançalary hem göz öňünde tutulypdyr.

Dabara gatnaşyjylar şäherjigiň pawilonyna baryp gördüler. Bu ýerde ýaryş ýolunyň nusgasy ýerleşdirilipdir. Ýaş sürüjiler bu ýol boýunça ýörite dolandyryş serişdeleri arkaly ýaryş awtoulaglarynyň nusgalaryny dolandyrdylar. Bu ýerde ýerleşdirilen oýun enjamlary çagalarda begenç duýgusyny döretdi.

Açylyş dabarasy tamamlanandan soň, okuwçylar çäräni guraýjylardan   awtomobilleriň nusgalaryny sowgat aldylar.

Ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygynyň dowamynda bu şäherjikde okuw maksatnamalary bellenildi. Bu ýere her gün paýtagtymyzyň mekdepleriniň okuwçylary gelerler. Olar ýol hereketiniň düzgünlerini  özleşdirip, şäheriň köp gatnawly köçelerinde howpsuz hereket etmek barada bilim alarlar. 

Biraýlygyň dowamynda şäheriň köçelerinde hereket howpsuzlygynyň üpjün edilmegine aýratyn üns berler. Mekdep dynç alyş günleri tamamlanandan soň, ýollarda okuwa we öýlerine howlugýan çagalar peýda bolanda ýol hereketiniň düzgünlerine gyşarnyksyz eýermek pyýada çagalar üçin bolşy ýaly, paýtagtymyzyň sürüjileri üçin hem aýratyn möhüm bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň