Soňky habarlar

Arhiw

1-nji sentýabrda Türkmenistanda täze umumybilim berýän mekdepleriň 25-si, çagalar baglarynyň 14-si şeýle hem sport mekdepleriniň ikisi öz gapylaryny giňden açdylar

16:3302.09.2015
0
13318

1-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabatlanylyp, ýene-de bir ajaýyp desga — paýtagtymyzyň Köşi ýaşaýyş toplumynda gurlan umumybilim berýän mekdep ulanmaga berildi.

Döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy boýunça  Türkiýäniň “Total Inşaat Sanai we Tijaret LTD ŞTI” gurluşyk şereketiniň bina eden täze mekdep bilen tanyşýar.

Bu mekdep 600 okuwça niýetlenip 2,84 gektar meýdanda ýerleşdirilipdir. Bu ýerde okuw sapaklaryny, terbiýeçilik işlerini geçirmek, bedenterbiýe – sport we medeni çäreleri geçirmek üçin ähli şertler döredildi.  Synp otaglary döwrebap multimediýa we kompýuter enjamlary, dürli dersler boýunça okuw gollanmalary bilen üpjün edildi. Amaly sapaklary, fizika, himiýa we beýleki dersler boýunça tejribeleri geçmek üçin laboratoriýalar, kitaphana, tans bilen meşgullanmak üçin niýetlenen ýörite otaglar, drama we beýleki gyzyklanma bildirilýän gurnaklar üçin otaglar bar. Mundan başga-da, döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan çaga lukmanynyň we diş lukmanynyň otaglary, 200 orunlyk naharhana, baýramçylyk çärelerini geçirmek üçin uly mejlisler zaly ýerleşýär.  

Şeýle hem çagalar üçin uly we kiçi sport zallary hem-de futbol, woleýbol, basketbol, ýeňil atletikanyň dürli görnüşleri üçin niýetlenen sport meýdançalary bar. Bu ýerde dürli sport ýaryşlaryny geçirip bolýar.

Mekdep okuwçylaryny hemmetaraplaýyn terbiýelemek üçin zähmet okuwy otaglary hem göz öňünde tutulypdyr, bu ýerde gyzlar tikin tikmegi, keşde etmegi, milli tagamlary taýýarlamagy öwrenýärler, oglanlar bolsa ussaçylygyň inçe tärlerini öwrenýärler, şeýle hem milli şaý-sepleri ýasap, zergärçilik sungatyny özleşdirýärler.

Mundan başga-da, mekdebiň okuw-tejribe zolagynda howa gözegçilik etmek üçin meteorologiki stansiýa we meýdany 250 inedördül metre barabar bolan ýyladyşhana guruldy. Şol ýerde okuwçylar tejribeli mugallymlaryň ýolbaşçylygynda dürli agaçlaryň nahallaryny, gök we bakja ekinlerini hem-de gülleri ýetişdirmegiň  usullaryny özleşdirýärler.

Şu günki dabara mynasybetli döwlet Baştutany täze döwrebap mekdebiň 1-nji synp okuwçylaryna noutbuklary sowgat berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mekdepden çykyp barýarka, hemmeleri täze mekdebiň açylmagy bilen ýene-de bir  gezek gutlady, mugallymlara jogapkärli işinde üstünlikler, okuwçylara bolsa bilimleri özleşdirmekde tutanýerlilik arzuw etdi. Mekdebiň mugallymlary döwlet Baştutanyna täze umumybilim berýän mekdebiň ajaýyp döwrebap binasy hem-de ýurdumyzyň ýaş nesli barada yzygiderli edýän aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Ýurdumyzda täze okuw ýylynyň başlanmagy ähli welaýatlarda we Aşgabat şäherinde gurlan bilim ulgamynyň onlarça edaralarynyň açylmagy bilen alamatlandyryldy. Hususan-da, şu gün ýurdumyzda umumybilim berýän mekdepleriň 25-si,   çagalar baglarynyň 14-si şeýle hem sport mekdepleriniň ikisi öz gapylaryny giňden açdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň