Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda “Aşgabadyň ýalkymy” söwda merkezini açdy

15:4302.09.2015
0
19027

1-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Aşgabadyň ýalkymy” söwda merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Söwda merkezi 44,5 müň inedördül metre golaý meýdany eýeläp, onuň içinde 17 dükan, 550 orunlyk restoran we “Altyn açar” ulgamynyň garbanyşhanasy, gözellik salony ýerleşdirildi.

Merkeziň birinji gatynda ýerleşýän dükanlar toplumy, olarda hödürlenýän önümleriň görnüşleri bilen tanşyp başlady.  Bu ýerde ýurdumyzyň telekeçileriniň öndürýän dürli görnüşli azyk önümleri ilata hödürlenýär.

Merkeziň çörek we çörek önümleri satylýan dükanynda türkmeniň ak bugdaýyndan öndürilen  dürli görnüşdäki çörek önümleri bu ýere gelýänleriň ünsüni özüne çekýär. Beýleki bir bölüminde türkmen telekeçileri tarapyndan öndürilen gök we miwe önümleriniň dürli görnüşleri satuwa çykarylypdyr.

“Aşgabadyň ýalkymy” söwda merkezinde ýurdumyzyň gaýtadan işleýän senagatyna degişli önümleriň köp görnüşi, şol sanda gawun kaky,  gawun toşaby, miwe suwlary we beýleki alkogolsyz içgileri,  pomidor goýaltmasy, şeýle hem konditer önümleri ilata hödürlenilýär. Bu önümleriň we olaryň gaplarynyň ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan öndürilýändigi has-da guwandyryjy ýagdaýdyr.

Merkeziniň ikinji gatynda “Altyn açar” kafesine bar. Onda alyjylara ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň öndürýän süýji tagamlary hödürlenýär. Kafeniň eko-nusgada bezelen özboluşly görnüşi wagtyňy gowy geçirmäge ýardam edýär. Bu ýerde özüňi tebigatyň gujagynda,  palmalaryň boýnunda, tropiki ösümlikleriň arasynda ýaly duýýarsyň. Kafeniň eýwanynda bolsa,  açyk howada oturyp, bir käse çaý içip bolýar.

Söwda merkeziniň ikinji gatynda uly dokma önümleri bölümi hem bolup, bu ýerde alyjylara  ýurdumyzda öndürilen matalardan taýýarlanan ýokary hilli önümleriň dürli görnüşleri, şol sanda ýorgan—düşek, daşlyklary, desmal we beýleki zatlar hödürlenýär. Jinsi matasyndan tikilen zatlar uly islegden peýdalanýar. Olar türkmen dizaýnerleriniň tagallalary  netijesinde moda meýillerine, aýratyn-da ýaşlaryň arasynda meşhur bolan biçüwlere gabat gelýär.

Türkmen telekeçileriniň öndürýän mebelleri  we öý goşlary satylýan dükanda  öý üçin, edara we jemgyýetçilik ýerleri üçin niýetlenen mebeller, aşhana enjamlary, hojalyk esbaplary bar.

Merkezde şeýle hem çaga egin-eşikleriniň dükany ýerleşdirilipdir. Bu ýerde Türkmenistanda öndürilen owadan we ekologik  taýdan arassa önümleri satyn almak bolýar. Olaryň hatarynda dürli ýaşdaky çagalar üçin, körpelerden başlap mekdep okuwçylaryna çenli niýetlenen gelşikli egin-eşikler, sport  lybaslary, gündelik we toýa geýmek üçin niýetlenen geýimler bar.

Elde ýasalan sowgatlyklaryň we milli önümleriň dükany dürli reňkli tekjeleri bilen ünsüňi özüne çekýär. Onuň harytlary halk döredijiliginiň muzeý sergisini ýadyňa salýar. Bu ýerde hödürlenýän harytlaryň hatarynda dürli haly önümleri, bezeg şaý-sepleri, şeýle hem milli lybaslar bolan telpekler, donlar, owadan nagyşlanan tahýalar bar. Bu ýerde şeýle hem keteni matasyndan dokalan sowgatlyklary, Aziada-2017-si nyşanly torbalary, kädiden ýasalan zatlary, etniki mowzuga degişli sowgatlyklary görmek bolýar. Elbetde, bu zatlaryň hemmesi sap nah önümlerden: ýüplükden, keçeden, ýüpekden, agaçdan ýasalyp, olaryň her biri gözüň dokundyrýar, öz owadanlygy bilen ajaýyp sowgat bolup bilýär.

Mundan başga-da bu ýerde kitap önümleri we okuw esbaplary satylýan bölüminde täze neşirler, mekdep okuwçylary üçin harytlar, dürli çap önümleri bar.

Söwda merkezde şeýle hem gül satylýan dükany ýerleşdirilipdir. Bu ýerde özüniň gözelligi we hoşboý ysy bilen haýran galdyrýan gülleriň köp görnüşleri bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň