Omanyň we Türkmenistanyň ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygy singapurly eminler alyp bararlar

0
633
0
0

Suratda: singapurly emin Muhammad Bin Jahari türkmen kärdeşi Alibek Sapaýew bilen.

3-nji sentýabrda Maskatda Dünýä çempionaty — 2018-iň ikinji Aziýa saýlama böleginiň Omanyň we Türkmenistanyň ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygy geçirerler.

FIFA-nyň ştab-kwartirasynda habar berlişi ýaly, duşuşygy baş emin Muhammad Bin Jahari we onuň kömekçileri Gek Feng Jeffri Goh, Kok Heng Lim (hemmesi Singapurdan) alyp bararlar. Eminlere gözegçi — Bujsaim Ali Mohamed (BAE), duşuşygyň komissary bolsa — Jebril Ali (Palestina).

Oýun “Sib” stadionynda Aşgabat wagty bilen 20.00-da geçiriler.

Bu Dünýä kubogy ugrundaky ýaryşyň saýlama bölegindäki ilkinji, türkmen we omanly futbolçylaryň milli ýygyndylarynyň arasyndaky ikinji duşuşykdyr. Öň 2008-nji ýylyň 18-nji maýynda Maskatda geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda Omanyň ýygyndysy Türkmenistanyň toparyny 2:1 hasabynda ýeňipdi. Şonda ýer eýelerinden iki pökgini hem SK “Kataryň” hüjümçisi Emad Al-Hawasani (22-nji we 56-njy minutlar), myhmanlardan bolsa “Aşgabadyň” goragçysy Rüstem Saparow (49-njy minut) tapawutlanypdy.

Omanyň we Türkmenistanyň futbolçylary “D” toparçada çykyş edýärler. Häzirlikçe omanlylaryň bir oýundan 3, türkmenistanlylaryň bolsa iki duşuşykdan 1 utugy bar.

Belli fransuz hünärmeni Pol LeGueniň türgenleşdirýän topary Omanyň ýygyndysy Bangalorda Hindistanyň toparyndan üstün çykdy — 1:2. Türkmenistanyň ýygyndysy bolsa myhmançylykda 0:1 hasabynda Guamyň toparyndan ýeňlip, öz meýdanynda reýting boýunça Aziýanyň iň gowy topary bolan Eýran bilen 1:1 oýnady.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru