Aşgabatda Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy

09:3902.09.2015
0
20922

1-nji sentýabrda ir säherden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Görogly köçesiniň ugrunda gurlan Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy.

Bu mugallymçylyk mekdebiniň häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän binalar toplumy gözel paýtagtymyzyň görküne-görk goşýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Alty gatdan ybarat bu toplumyň gurluşygy «Total Inşaat» türk kompaniýasy tarapyndan amala aşyryldy. Umumy meýdany 52 müň     600 inedördül metre barabar bolan bu toplumda 50 hem-de 80 orunlyk umumy okuw otaglarynyň 8-si, beýleki okuw otaglarynyň 40-sy, şeýle hem aýdym - saz we zähmet dersleri, şekillendiriş sungaty hem-de kompýuter tehnologiýalary boýunça okuw otaglary, lingafon we usulyýet otaglary bar.

Mugallymçylyk mekdebiniň okuw otaglary Internet ulgamyna birikdirilendir. Bu ýerde beýleki okuw mekdepleri bilen göni aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berýän, wideomaslahatlary geçirmek üçin niýetlenen programma üpjünçilik ulgamy hem ornaşdyrylandyr. Merkezleşdirilen kompýuter ulgamyna birikdirilen şol okuw otaglarynda bilim alýan talyplaryň paýtagtymyzdaky we welaýatlardaky bilim ojaklaryndan kitaphanalar tory arkaly özlerine gerek bolan maglumatlary almaga mümkinçilikleri bar.

Mekdebiň döwrebap binalar toplumynda zerur enjamlar bilen üpjün edilen muzeý, talyplara hyzmat etjek lukmançylyk otagy, 300 orunlyk mejlisler zaly, kiçi mejlisler zaly, şeýle hem resminamalary bildirilýän talaplara laýyklykda saklamaga mümkinçilik berýän arhiw ýerleşýär. Täze binalar toplumynda häzirki zaman kitaphanasy hem talyplara hyzmat eder. Döwlet Baştutanymyz bu 100 orunlyk kitaphanada 30 müň kitabyň  saklanjakdygyny aýtdy. Kitaphananyň okalga zaly Internet ulgamy we beýleki elektron serişdeler bilen üpjün edilendir. Bu ýerde talyplar özlerine gerek bolan dürli kitaplardan, neşir önümlerinden we Internet ulgamyndan peýdalanyp bilerler.

Mugallymçylyk mekdebiniň täze binalar toplumynda 200 orunlyk üsti   ýapyk sport zaly we üsti açyk sport toplumlary, şeýle hem beýleki sport    meýdançalary bar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu desgalarda futbol, woleýbol, basketbol we sportuň beýleki görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli şertleriň döredilendigini belledi.

 Bulardan başga-da, mekdebiň binalar toplumynda 500 talyba niýetlenen dört gatly umumy ýaşaýyş jaýlarynyň ikisi, 400 orunlyk naharhana we suw howuzlary bu ýerde işlemek hem-de döwrebap bilim almak üçin ähli amatly şertleriň döredilendigine şaýatlyk edýär. Döwlet Baştutanymyz bu okuw mekdebiniň täze binalar toplumynda döredilen şertleriň okuw-terbiýeçilik işini häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda has kämil derejede guramaga mümkinçilik berýändigini aýtdy.

Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň hünärmenlerini, başlangyç synp mugallymlaryny taýýarlamakda ýurdumyzyň mugallymçylyk mekdeplerine uly orun degişlidir. Aman Kekilow adyndaky bu mugallymçylyk mekdebinde hem türkmen dili hem-de edebiýaty, matematika, taryh, geografiýa, iňlis dili derslerini 5-nji we 6-njy synplarda okatmaga    hukugy we ukyby bolan başlangyç synp mugallymlary, şeýle hem çagalar  baglarynda iňlis dilini okatjak terbiýeçiler taýýarlanylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň