«Ýaňlan, Diýarym!» bäsleşiginiň Daşoguz welaýat tapgyry geçirildi

0
182
0
0

28-nji awgustda Daşoguz şäheriniň Görogly meýdançasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygyna bagyşlanyp, edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» bäsleşiginiň Balkan welaýaty boýunça tapgyry geçirildi. Açyk asmanyň astyndaky sahnada geçen bu bäsleşige welaýatyň etrap-şäherlerinden deslapky gözden geçirilişlerde saýlanan zehinli ýaş aýdymçylar gatnaşdy.

Bäsleşigiň welaýat tapgyrynyň netijesinde Ruhubelent etrabyndan Sülgünjemal Täçmyradowa we Köneürgenç etrabyndan Baýramtäç Gandymowa ýeňiji diýlip yglan edilip, olar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru