Soňky habarlar

Arhiw

Geçen hepdede TDHÇMB-de bolan söwdalarda geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 9 million 927 müň dollaryndan gowrak boldy

13:2230.08.2015
1
2582

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Kiprden gelen telekeçiler “B” kysymly karbamidi, (“Türkmenhimiýa” DK), Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Eýrandan we Owganystandan gelen işewürler tehniki kükürdi (“Türkmengaz” DK) satyn aldylar. Şeýle hem daşary ýurt walýutasyna arassalanan pagta ýagy, nah ýüplük, pagta süýümi ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Beýik Britaniýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Şweýsariýa, Owganystan, Täjigistan, Ukraina. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 9 million 927 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri umumy bahasy 3 million 447 müň manatlykdan gowrak arassalanan pagta ýagyny, nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 366 müň manatlykdan gowrak polipropilen we pagta ulýugyny satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň