Soňky habarlar

Arhiw

Ildeşimiz Oleg Kononenko dünýäde ilkinji bolup kosmosdan ýerdäki roboty dolandyrdy

16:1729.08.2015
0
4810

“Soýuz TMA-17M” howa gämisiniň ekipažynyň komandiri asly türkmenistanly Oleg Kononenko dünýäde ilkinji bolup kosmosdan ýerdäki roboty dolandyrdy. Bu barada “Westi” internet-gazeti habar berýär.

Oleg Kononenko uzak aralykdan joýstigiň kömegi bilen robota signal berýär. Şeýlelikde, asman giňişliginden Ýere buýruk baryp, ony ýörite robot ýerine ýetirýär. Bu häzirlikçe ýeke-täk synag bolmagynda galýar. Wagtyň geçmegi bilen, MKS-iň bortundan berilýän buýruk boýunça robot şaýlary towlar, wilkany razetka ildirer, gapyny açyp ýapar. Munuň özüniň Aýy öwrenmekde peýdasy deger.

“MKS — stansiýanyň özünde bolşy ýaly, Gün sistemasy planetalarynda hem robotlaryň dürli tehniki hyzmatlary ýerine ýetirişini dolandyrmak tehnologiýasyny alyp barmak üçin ajaýyp ýerdir” — diýip, Kononenko düşündirýär.

Oleg Dmitriýewiç Kononenko 1964-nji ýylyň 21-nji iýunynda Türkmenabatda (öňki Çärjew) doguldy. 1974— 1979-njy ýyllarda çagalar-çeperçilik mekdebinde okady. 1981-nji ýylda Türkmenabat şäherindäki 15-nji orta mekdebi tamamlady. 1988-nji ýylda Harkowyň N.Ý Žukowski adyndaky awiasiýa institutyny tamamlady. 2009-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen “Prezidentiň Ýyldyzy” ordeni bilen sylaglandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň