Aziada — 2017-niň internet saýty dörediler

0
566
19
5

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 28-nji awgustda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimize “Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 34-nji Baş Assambleýasyny Türkmenistanda geçirmegiň meseleleri hakyndaky” Kararyň taslamasy hödürlenildi. Ozal hem habar berşimiz ýaly, Aşgabatda geçiriljek bu uly maslahata Aziýa sebitiniň we Okeaniýa ýurtlarynyň milli Olimpiýa komitetleriniň wekilleri, Halkara Olimpiýa komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň ýolbaşçylary gatnaşar.

Şeýle hem mejlisde Aziada — 2017-niň Internet saýtyny döretmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyna laýyklykda geçirilýän işler barada habar berildi. Bu işler Oýunlara taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitet tarapyndan ýurdumyzyň we Aragatnaşyk ministrligi bilen bilelikde alnyp barylýar.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda V Aziýa oýunlaryny halkara derejesinde giňden wagyz etmek we mahabatlandyrmak boýunça maksada gönükdirilen çäreler görülýär. Aziada — 2017-ni giňden wagyz etmekde we mahabatlandyrmakda Internet-saýtyna möhüm orun degişlidir. Onuň üç tapgyrda: ilkinjisi — 2015-nji ýylyň dekabryna çenli, ikinjisi — 2016-njy ýylyň maýyna çenli we üçünjisi—2016-njy ýylyň dekabryna çenli açylmagy meýilleşdirilýär. 

Mejlisde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň 34-nji Baş Assambleýasyny Türkmenistanda geçirmegiň meseleleri hakyndaky” Karara gol çekip, degişli ýolbaşçylara bu wekilçilikli maslahaty ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi üpjün etmek boýunça birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru