Türkmenistandan Owganystana elektrik energiýasyny ibermegiň möhleti uzaldyldy

0
176
1
0

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda,  Türkmenistanyň Hökümetiniň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Wagtlaýyn Administrasiýasynyň arasynda Elektroenergetika babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda 2002-nji ýylyň 7-nji martynda baglaşylan Ylalaşygy ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Energetika ministrligine Türkmenistandan Owganystan Yslam Respublikasyna elektrik energiýasyny ibermek barada Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Energetika we suw hojalyk ministrliginiň  arasynda 2002-nji ýylyň 7-nji martynda baglaşylan şertnamalaryň möhletlerini 2017-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaltmak barada goşmaça ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru