Şu ýyl Türkmenistanda 51,5 milliard manatlyk maýa goýum serişdeleri özleşdiriler

0
168
0
0

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 28-nji awgustda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna 2016-njy ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasynyň taslamasynyň taýýarlanylyşy barada habar berildi. Bu resminamanyň üstünde degişli ministrlikler, pudak edaralary, ylmy institutlar, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde işlenildi.

Deslapky hasaplamalara görä, umuman, ýurdumyz boýunça 2015-nji ýylda özleşdiriljek maýa goýumlaryň möçberiniň 51,5 milliard manat bolmagyna garaşylýar. Meýilleşdirmegiň ähli serişdeleriniň hasabyna 2016-njy ýyl üçin milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny ösdürmäge 56,2 milliard manat goýbermek meýilleşdirilýär. Geljek ýylda maýa goýum serişdeleriniň 65,5 göterimini önümçilik ähmiýetli desgalaryň gurluşygy üçin, 34,5 göterimini bolsa durmuş-medeni ähmiýetli binalary gurmak üçin sarp etmek göz öňünde tutulýar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru