Taekwondo boýunça dünýä çempionatynda bürünç medal

0
187
0
0

Şu günler Bolgariýanyň Plowdiw şäherinde taekwondo boýunça (ITF görnüşi) geçirilýän dünýä çempionatynda ýygyndymyz ilkinji medaly gazandy. Mähri Agaýewa “aýratynlykdaky tullar” (toplumlaýyn maşklar) görnüşinde hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy — diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Dünýä çempionatyna 80-den gowrak ýurtdan koreý söweş sungatynyň 1 müň töweregi ussatlary gatnaşýar. Sport ussady, gara guşagyň I danyň eýesi Mähri Agaýewa ýene-de 51 kilograma çenli agram derejesinde aýratynlykdaky sparringde we sahnada özüňi goramak görnüşinde bäsleşer.

Türkmen türgeni gara guşagyň II danynyň eýesi Annamyrat Goşanyýazow hem dünýä çempionatynda tutluşyklarda çykyşyny ýeňişden başlady. 57 kilograma çenli agram derejesinde ilkinji göreşinde ol Argentinanyň toparynyň taekwondoçysyny ynamly ýeňdi. Annamyrat tullar we sahnada özüňi goramak boýunça ýaryşlara gatnaşar.

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde türgenlerden başga-da, halkara derejeli sport ussady, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby, gara guşagyň I danynyň eýesi Gaýgysyz Atabaýew hem bar. Ol taekwondo ITF-nyň üç görnüşinde bäsleşer, gara guşagyň I danynyň eýesi Orazberdi Annamyradow aýratynlykdaky sparringde güýç synanyşar.

Ýaryşlar 30-njy awgusta çenli dowam eder.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru