Soňky habarlar

Arhiw

Şu gün Türkmenistanda pagta ýygymyna badalga berilýär

10:5829.08.2015
0
10775

Şu gün — 29-njy awgustda Türkmenistanda möhüm oba hojalyk möwsümi — pagta ýygymy başlanýar. Mälim bolşy ýaly, 14-nji awgustda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda Türkmenisyanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow pagta ýygym möwsüminiň başlanýan senesini tassyklady. Ine, bu gün bolsa Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň daýhanlary pagta ýygymyna girişerler. Birneme soňra — 6-njy sentýabrda ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň—Daşoguz welaýatynyň pagtaçylary pagta ýygymyna başlarlar.

Şu ýylyň pagta ýygym möwsüminiň barşynda Türkmenistanda 545 müň gektar meýdandan “ak altynyň” 1 million 50 müň tonnasyny, şol sanda Ahal welaýatynda 207 müň tonna, Daşoguz welaýatynda 230 müň tonna, Lebap welaýatynda 300 müň tonna, Mary welaýatynda 313 müň tonna pagta taýýarlamak meýilleşdirilýär. Geçen ýaz paslynda  pagtanyň orta we inçe süýümli “149F”, “133F”, “Ýolöten-7”, “Daşoguz-120”, “Serdar”, “S-4727”, “Ýolöten-39”, “Ýolöten-14”, “Ýolöten-32” sortlary ekildi.

Umuman, möwsümde pagta ýygyjy kombaýnlaryň 500-si, awtoulaglaryň  3027 birligi, traktorlaryň 2340-sy we pagtany daşamak üçin niýetlenen traktor tirkegleriniň 3558-si işlediler. Ýerlerde pagta ýygymynyň bökdençsiz alnyp barylmagy üçin tehnikalara gije-gündiziň dowamynda tehniki hyzmat ýola goýlar, mehanizatorlaryň, sürüjileriň hem-de ýygymçylaryň öndürijilikli zähmet çekmegi we göwnejaý dynç almagy üçin zerur şertler dörediler. Pagtany kombaýn bilen ýygmak üçin gowaçalaryň ýapragyny düşürýän defoliant zerur bolan möçberde satyn alyndy. Hemişe bolşy ýaly, bu işde diňe ýöriteleşdirilen traktorlar däl-de, eýsem, raýat awiasiýasynyň ýörite uçarlary hem ulanylar.

Pagtanyň täze hasylyny kabul etmek üçin harmanhanalaryň 155-si we pagta arassalaýjy zawodlaryň 39-sy taýýar edildi. Şolaryň  ýanyndaky barlaghanalarda “Türkmenstandartlary” döwlet gullugynyň hünärmenleri pagtanyň hiline berk gözegçiligi ýola goýarlar. Şonda pagta hasyly “Ak altyn” söwda kärhanasynyň wekilleriniň we pagtaçylaryň gatnaşmagynda kabul ediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň