Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti halkara sergisiniň hem-de maslahatyň öz işine başlamagy bilen gatnaşyjylary gutlady

08:5827.08.2015
0
2615

Hormatly halkara sergisine we maslahata gatnaşyjylar! 
Gadyrly myhmanlar!

Sizi «Türkmengurluşyk - 2015» atly halkara sergisiniň hem-de «Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi» atly maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Gurluşyk pudagy we senagaty Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň geljegi uly bolan hem-de depginli Ösýän esasy ugurlarynyň biridir. Meşhur kompaniýalaryň wekilleriniň, alymlaryň, hünärmenleriň, binagärleriň we telekeçileriň gatnaşmagynda geçirilýän bu halkara sergisiniň we maslahatyň berkarar döwletimiziň gurluşyk pudagynda we senagatynda gazanylýan üstünlikleri, ýetilýän belent sepgitleri dünýä ýaýmakda, täsin we çylşyrymly inženerçilik taslamalaryny işläp taýýarlamakda, ekologiýa taýdan arassa häzirki zaman gurluşyk we bezeg materiallaryny öndürmekde, halkara işewürligini mundan beýläk-de ösdürmekde we özara tejribe alyşmakda giň mümkinçilikleri döretjekdigine ynanýaryn.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň dunukly we sazlaşykly ösdürilmegine we dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşmagyna, halkymyzyň durmuş üpjünçiliginiň, ýaşaýyş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny, şol sanda gurluşyk toplumyny köpugurly esasda ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, maýa goýumlarynyň möçberleri yzygiderli artdyrylýar.

 Şonuň bilen bir hatarda, gurluşyk pudagynda we senagatynda amala aşyrylýan özgertmeler has-da çuňlaşdyrylýar, pudagyň senagat-önümçilik kuwwatlyklary artdyrylýar. Gurluşyk senagatynyň kuwwatyny artdyrmak üçin hususy eýeçiligiň gerimi düýpli giňeldilýär. Bu ugurda hususy işewürligiň önümçilik binýadyny ösdürmek üçin ähli şertler döredilýär. Kabul edilen milli Maksatnamalara laýyklykda ýurdumyzyň obadyr şäherlerinde binagärligiň, inženerçilik-tehniki pikiriň öňdebaryjy gazananlary, milli binagärligiň gadymy däpleri hem-de häzirki zaman şähergurluşyk tejribeleri nazara alnyp, ýaşaýyş-durmuş we medeni maksatly desgalar gurulýar. Dünýäniň in öňdebaryjy inžener-tehniki serişdelerini, binagärlik sungatynyň öňdebaryjy gazananlaryny ulanmak arkaly Aşgabat şäherinde Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygy ýokary depginler bilen dowam edýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän dynç alyş we syýahatçylyk düzümleri döredilýär. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň barha kuwwatlanýandygyny hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak üçin zerur işleriň alnyp barylýandygyny alamatlandyrýar.

Gadyrly dostlar!

Halkyň abadan, asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy hakyndaky alada döwlet syýasatymyzda hemişe öňe sürýän baş maksadymyzdyr. Döwletimiziň kuwwatyny, jemgyýetimiziň kämilligini pugtalandyrýan özgertmeler, Türkmenistany dünýäde sazlaşykly ösýän döwletleriň biri hökmünde giňden tanadýan taslamalar hem şu beýik maksada - halkymyzyň bagtyýarlygyna hem-de eziz Watanymyzyň beýik geljegine hyzmat edýär.

Gurluşyk pudagynda biz öz Öňümizde goýan wezipelerimizi üstünlikli durmuşa geçirýäris. Özüniň gaýtalanmajak binagärlik aýratynlyklary bilen ýatdan çykmajak täsir galdyrýan ajaýyp binalar - ýaşyl begrese bürenen seýilgähler, ýaşaýyş jaýlary, saglygy goraýyş, medeni we sport merkezleri, ýokary we orta okuw mekdepleri, iri söwda merkezleri, myhmanhanalar, kärhanalar, halkara derejesindäki awtomobil ýollary Aşgabat şäheriniň iri işewürlik, medeni hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň ykrar edilen merkezi hökmünde abraýyny has-da ýokarlandyrýar.

 Geljekde hem Aşgabat şäherinde, şol sanda ýurdumyzyň ähli şäherdir obalarynda öňdebaryjy binagärlik däpleriniň özboluşly sazlaşygyny özünde jemleýän ajaýyp binalary gurarys hem-de berkarar Watanymyzy dünýäniň in gözel ýurtlarynyň birine öwreris.

Hormatly halkara sergisine we maslahata gatnaşyjylar!

Gadyrly dostlar!

Sizi «Türkmengurluşyk - 2015» atly halkara sergisiniň hem-de «Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi» atly maslahatyň Öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, gurluşyk pudagyny ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň