Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ýygyndysynyň futbolçylary Dünýä çempionatynyň — 2018-iň Omanyň toparyna garşy geçiriljek saýlama duşuşygyna taýýarlanmak üçin Dubaýa ugradylar

02:1526.08.2015
0
12062

25-nji awgustda agşamara Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndysy Aşgabadyň Halkara howa menzilinden Dubaýa (BAE) uçdy. Topar ol ýerde 31-nji awgusta çenli Dünýä çempionaty — 2018-iň Omanyň ýygyndysyna garşy geçiriljek saýlama duşuşygyna taýýarlyk görer. 3-nji sentýabrda Maskartda boljak bu oýna taýýarlygyň çäklerinde türkmen futbolçylary BAE-niň toparlarynyň biri bilen türgenleşik duşuşygyny geçirmegi meýilleşdirýärler.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň bäş tälimçisi Aman Goçumow toparyň düzüminde 21 futbolçy (18-si milli klublardan, 3-si daşary ýurt toparlaryndan) goşdy.

Derwezeçiler:

Nikita Gorbunow (“Ahal”)

Sergeý Kuznesow (“Aşgabat”)

Goragçylar:

Myrat Hamraýew (“Ahal”)

Rahymberdi Baltaýew (“Aşgabat”)

Mekan Saparow (“Balkan”)

Şöhrat Söýünow (“Altyn asyr”)

Bagtyýar Hojaahmedow (“Altyn asyr”)

Ýagşymyrat Annamyradow (“Balkan”)

Zafar Babajanow (“Ahal”)

Ýarym goragçylar:

Süleýman Orazow  (“Ahal”)

Ilýa Tamurkin (“Merw”)

Ahmet Ataýew (“Altyn asyr”)

Guwanç Abylow (“Hazyna”)

Nazar Baýramow (“Aşgabat”)

Artur Geworkýan (“Nasaf”, Özbegistan)

Ruslan Mingazow (“Ýablones”, Çehiýa)

Hüjümçiler:

Berdi Şamyradow (“Aşgabat”)

Serdaraly Ataýew (“Balkan”)

Altymyrat Annadurdyýew (“Ahal”)

Süleýman Muhadow (“Altyn asyr”)

Arslanmyrat Amanow (“Almalyk”, Özbegistan)

Omanyň we Türkmenistanyň futbolçylary “D” saýlama toparçasynda çykyş edýärler. Häzirlikçe omanlylaryň bir duşuşykdan soň 3, türkmenistanlylayrň bolsa iki oýundan soň 1 utugy bar.

FIFA-nyň reýtinginde 99-njy orny eýeleýän Omanyň ýygyndysyny öňki belli fransuz futbolçysy Pol Le Guen türgenleşdirýär. Ol dürli ýyllarda “Brest”, “Nant”, “Pari Sen-Žermen” klublarynda goragçynyň ýerinde oýnapdy. Fransiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 17 duşuşyk geçirdi. “Rennde”, “Olimpik Lionda” we Kamerunyň ýygyndysynda tälimçilik etdi. Belli hünärmen 2011-nji ýylyň 27-nji iýunyndan bäri Omanyň ýygyndy toparynyň baş tälimçisidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň