Bolgariýanyň Premýer-ministri Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň ýagty ýadygärligini hatyralady

0
458
0
0

Ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler we Hökümetara resminamalaryna gol çekişlik dabarasy tamamlanandan soň, Bolgariýanyň Premýer-ministri Boýko Borisow Aşgabadyň gözel ýerleri bilen tanyşdy.

Günüň ikinji ýarymynda bolgar hökümetiniň Baştutanynyň awtoulag kerweni Gypjak obasyna ugrady, şol ýerde jenap Boýko Borisow kümmete gül goýup, Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň ýagty ýadygärligini hatyralady we Türkmenbaşynyň Ruhy metjidine baryp gördi.

Şol gün Bolgariýanyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül dessesini goýdy. Jenap Boýko Borisow Garaşsyzlyk binasynyň Hormatly myhmanlar seýilbagynda, asylly däbe görä, agaç nahalyny oturtdy.

Soňra Bolgariýanyň hökümetiniň Baştutany Olimpiýa şäherjiginde gurulýan desgalara baryp gördi we Türkmenistanda Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işleriň gerimine hem-de depginine ýokary baha berdi.

Soňra Bolgariýanyň Premýer-ministri ýurdumyzyň öňdebaryjy gaýtadan işleýän senagat kärhanasyna — Aşgabat dokma toplumyna baryp gördi we nah matalaryň öndürilişi hem-de önümleriň köp görnüşleri bilen tanyşdy.

Agşam hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmanyň hormatyna resmi agşamlyk naharyny berdi. Onuň barşynda Türkmen döwletiniň Baştutany we Bolgariýanyň hökümetiniň ýolbaşçysy söz sözläp, taraplaryň dostluk gatnaşyklaryna, özara ynanyşmaga netijeli syýasy gepleşikleri alyp barmaga, giň möçberli ykdysady we medeni hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassykladylar.

Dabaraly kabul edişlik tamamlanansoň, Türkmen döwletiniň Baştutany we Bolgariýanyň Premýer-ministri köpugurly döwletara gatnaşyklarynyň gelejekde-de, üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirýändiklerini, Türkmenistanyň we Bolgariýanyň dostlukly halklaryna iň gowy arzuwlaryny aýdyp, birek-birek bilen mähirli hoşlaşdylar. Şol gün Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri Boýko Borisow Watanyna ugrady.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru