Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Bolgariýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrjak ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

21:3125.08.2015
0
2570

Türkmenistanyň Prezidentiniň ilçileri kabul edýän köşgüniň “Mermeri” zalynda Türkmenistan bilen Bolgariýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrjak ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Bolgariýanyň Kiçi we orta telekeçiligi höweslendirmek boýunça döwlet agentliginiň arasynda Ylalaşyga, Gurluşyk we binagärlik babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi bilen Bolgariýa Respublikasynyň Sebit ösüşi we jemgyýetçilik işleri ministrliginiň arasynda Ylalaşyga gol çekildi.

Soňra dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri Boýko Borisow Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň