Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti bilen Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

20:3725.08.2015
0
2257

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen düýn ýurdumyza ilkinji resmi sapar bilen gelen Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri Boýko Borisowyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ilçileri kabul edýän köşgünde ikiçäk görnüşde geçen gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň Bolgariýa Respublikasy bilen däbe öwrülen dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýändigi bellenildi. Şeýle hem häzirki zaman dünýä ösüşiniň esasy meseleleri, aýratyn-da, halkara we sebit derejesinde parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmek, häzirki zaman çagyryşlaryna we howplaryna garşy tagallalary birikdirmek boýunça taraplaryň garaýyşlarynyň ýakynlygy aýdylyp geçildi.

Türkmen-bolgar gatnaşyklarynyň giň möçberli ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy. Hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerini bellemek bilen, söhbetdeşler onuň hökümetara derejesinde bolşy ýaly, abraýly halkara guramalarynyň ugry boýunça şol sanda Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi gepleşikleriniň çäklerinde ösdürmegiň hem möhümdigini bellediler.

Söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag, saglygy goraýyş, syýahatçylyk, ylym-bilim we medeniýet ulgamlary hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde bellenildi. Söhbetdeşler, şeýle hem özara bähbitlere degişli halkara syýasatynyň wajyp meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň