Soňky habarlar

Arhiw

Bolgariýanyň Premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

08:4025.08.2015
0
1141

24-nji awgustda Bolgariýanyň Premýer-ministri Boýko Borisow Türkmenistana resmi sapar bilen geldi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen 25-nji awgustda Aşgabatda geçiriljek gepleşikleriň öň ýanynda myhman ýurdumyzyň iri senagat, ulag we dynç alyş merkezleriniň biri bolan Türkmenbaşy şäherine baryp gördi.

Iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Hazaryň kenaryndaky şäheriň halkara howa menzilinde Bolgariýanyň Premýer-ministrini resmi adamlar garşyladylar.

Howa menzilinden myhman Türkmenbaşy şäheriniň halkara deňiz menziline ugrap, Orta Aziýanyň “deňiz derwezesiniň” düzümi, döwrebaplaşdyrylyşynyň barşy, tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylyşy we geljegi bilen tanyşdy.

Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri  Boýko Borisow deňiz menzilinden Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna ugrady. Bu ýerde mertebeli myhman üçin ýurdumyzyň nebithimiýa pudagynyň naýbaşy zawody bilen tanyşdyryş çäresi guraldy. Zawodda dünýä bazarynda ýokary islegden peýdalanylýan nebit önümleri ýokary oktanly, etilleşdirilmedik awtomobil benzini, uçar kerosini, suw bilen arassalanan dizel ýangyjy, nebit koksy, polipropilen, suwuklandyrylan gaz, tehniki çalgy ýaglarynyň köp görnüşi öndürilýär.

Bolgariýanyň hökümet baştutany Boýko Borisow Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda bolmagynyň barşynda kärhananyň tehniki we tehnologik taýdan enjamlaşdyrylyşynyň derejesine ýokary baha berip, özara bähbitlere kybap gelýän netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin oňat mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Soňra Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministriniň awtoulag kerweni “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda özi üçin niýetlenen “Berkarar” myhmanhanasyndaky kabulhanasyna geldi.

Şol gün myhman Türkmenbaşy şäherinden Aşgabada uçdy.

Iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen türkmen paýtagtynyň Halkara howa menzilinde Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministrini resmi adamlar garşyladylar. Asylly däbe görä, duz-çörek hödür edilip, gül desseleri gowşurylyp, mertebeli myhmana uly hormat bildirildi.

Bolgariýanyň Premýer-ministri Boýko Borisow howa menzilinden sapar mahalynda özüne bölünip berlen kabulhanasy ýerleşjek ajaýyp “Oguzkent” myhmanhanasyna tarap ugrady. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň