Soňky habarlar

Arhiw

Täze mekdepler we çagalar baglary açylyp, ulanylmaga berler

08:3725.08.2015
0
2596

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 24-nji awgustda geçiren göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatynda ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda täze okuw ýylyna taýýarlyk işleriniň alnyp barlyşy bilen tanyşdy.

Ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň beren maglumatlaryna görä, 2015-2016-njy täze okuw ýylynyň ilkinji gününde ýurdumyzda täze bilim ojaklarynyň ondan gowragy ýaş nesliň we bilim işgärleriniň hyzmatyna berler. Has takygy, Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýurdumyzyň Balkan welaýatynda orta mekdepleriň 4-si we çagalar baglarynyň 5-si, Daşoguz welaýatynda 9 mekdep we bir çagalar bagy, Lebap welaýatynda 6 mekdep we 3 sany çagalar bagy, Mary welaýatynda 3 mekdep we 2 çagalar bagy, Aşgabatda 2 mekdep hem-de 2 çagalar bagy açylyp, ulanylmaga berler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň