Geografiýa mugallymy Rozygeldi Döwletow dowamlylygy 21 kilometre barabar bolan weloýörişi amala aşyrdy

12:2124.08.2015
0
4822

Halaç etrabyndan geografiýa mugallymy Rozygeldi Döwletow Köneürgenç — Daşoguz — Aşgabat — Mary — Lebap aralygy boýunça uzak aralyga nobatdaky weloýörişi amala aşyrdy.

Ol 21 güne çeken syýahatyny taryhy çeşmelere görä, ýaşlyk döwründe Magtymgulynyň okan gadymy idris baba medresesinde tamamlady.

57 ýaşly Rozygeldi Döwletow özüni diýseň sagat we ruhubelent duýýar. Weloýörişden başga-da, ol ýurduň iň uly belentligine — Köýtendagyň 3139 metrlik Aýrybaba depesine hem çykypdy.

Häzirki günde ýaşyna garamazdan galdaw Rozygeldi mähriban ýurdumyz boýunça täze syýahatlara taýýarlanýar. Ýakyn wagtda ol gaýykly Garagum derýasy boýunça ýurduň gündogaryndan günbataryna çenli ýüzüp geçmegi göz öňünde tutýar.

Ony bu başlangyçlarda “Lebapsyýahat” syýahatçylyk guramasynyň işgärleri hem goldaýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň