Geçen hepdede TDHÇMB-de bolan söwdalarda ABŞ-nyň 68 million 106 müň dollaryndan gowrak geleşik hasaba alnydy

10:3824.08.2015
0
2662

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Yrakdan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, awtobenzini, tehniki kükürdi, russiýaly we hytaýly işewürler tehniki uglerody we tehniki ýody (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Daşary  ýurt walýutasyna şeýle hem bugdaý, pagta ýagy, nah ýüplük, buýan köküniň ekstrakty satyldy. Olary Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Türkiýeden, Serbiýadan, Täjigistandan, Azerbaýjandan, Gyrgyzystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler satyn aldylar. Geleşikleriň jemi  bahasy ABŞ-nyň 68 million 106 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine BAE-niň, Türkiýäniň we Slowakiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 12 million manatdan gowrak bolan nah ýüplügi, pagta ýagyny, regenerirlenen süýümi, nah mata galyndylaryny satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 77 müň  manatdan gowrak bolan “Türkmenaglomerat” kondisiýasyz polipropileni (TNGIZT) satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň