Soňky habarlar

Arhiw

Berdiýewiň topary soňky minutlarda ilkinji ýeňlişine sezewar boldy

21:5523.08.2015
0
3692

Belli türkmen tälimçisi Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylyk edýän “Rostowynyň” futbolçylary Russiýanyň 2015-nji ýyldaky çempionatynda ilkinji ýeňlişine sezewar boldular. Topar soňky minutlarda Çempionlar ligasyna yzygiderli gatnaşyp gelýän SSKA-dan asgyn geldiler — 1:2.

Bäş tapgyrda ýeke utuk hem ýitirmedik, Russiýanyň çempionatynda öňde barýan Moskwanyň SSKA-synyň garşysyna geçirilen oýun Rostowyň topary üçin çynlakaý synaga öwrüldi.

Duşuşygyň öňüsyrasynda, bäş tapgyrdan soň “Rostow” 5-nji orunda barýardy. RFS-iň “gadagançylygy” sebäpli kimdir birini topara goşmak meselesinde çäklendirmelere sezewar bolan topar üçin bu erbet netije-de däldi. “Krylýa Sowetowa” garşy geçirilen duşuşykdan soň, Gurban Berdiýew SSKA garşy oýna Kristian Noboanyň düzüme goşulmak umydyndadygyny aýdypdy.

Şu hepdede donly işewür Iwan Sawwidiniň hemaýatkärlik kömegi netijesinde bergiden çykmak başartdy. Ýöne bu hem heniz bärden gaýdýardy. RFS-iň nobatdaky mejlisi täze netijä geldi. “Rostow” Dzýuba üçin “Spartaga” heniz berilmedik tölegi tölemäge, şeýle hem topary terk eden Hrwoýe Miliçiň bergisini bermäge borçly edildi. Munuň özi Noboanyň duşuşyklara keseden syn etmegini dowam etdirjekdigini aňladýar — diýip, “Komsomolskaýa prawda” gazeti bahar berýär.

Geçen tapgyrdan tapawutlylykda “Rostowyň” esasy düzüminde ýeke-täk üýtgeşme bolup geçdi. Çep gyraky hüjümde oýnan Polozyň ýerini türkmen kökleri bolan eýranly Serdar Azmun eýeledi. Tälimçiniň bu üýtgeşmesi eýýäm 10-njy minutda netije berdi. Kalaçýow uzak aralykdan pögini jerime meýdançasyna geçirdi, Buharow topy döşi bilen saklady, soňra pökgi Alekseý Berezuskiniň aýagyndan Azmuna düşdi. Serdar ur-tut mümkinçilikden peýdalanyp, pökgini özüne tarap okdurylan Igor Akinfeýewiň gapdalyndan derwezä gönükdirdi — diýip, “Rostow” futbol klubunyň resmi saýty habar berýär.

66-njy minutda SSKA hasaby deňledi, Ahmed Musa tapawutlandy. Duşuşygyň tamamlanmagyna 2 minut galanda bolsa Alan Dzagoýew SSKA ýeňiş getiren pökgini geçirdi.

—Biziň ýeňlişimiz gynançly boldy — diýip, oýundan soň Gurban Berdiýew aýtdy. — Bizde tapawutlanmaga amatly pursatlar az bolmady, olardan netijeli peýdalanan bolsak ýagdaý düýbünden başgaça bolardy. Ýöne ýeňlişiň esasy sebäbi — garşydaşyň ýokary derejede oýnaýanlygy. Umuman, men çempionatyň başynda edilen işlerden we ýaryş tertibindäki ýagdaýdan kanagatlanýaryn.

—Kristian Noboa haçan oýnap biler?

—Kynçylyklar bar, siz bu barada bilýän bolsaňyz gerek. Haçan serişde tapylsa, şonda hem oýna goşup bileris.

Indiki 7-nji tapgyryň duşuşygynda “Rostow” 28-nji awgustda öz meýdanynda Permiň “Amkaryny” kabul eder.                       

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň