Aziada — 2017-niň Baş meýilnamasyny işläp-taýýarlamak boýunça kompaniýasynyň baştutany Ýeňil atletika federasiýalarynyň halkara assosiasiýasynyň prezidentligine saýlandy

10:5321.08.2015
0
3229

Ýeňil atletika federasiýalarynyň halkara assosiasiýasynyň (IAAF) penşenbe güni Pekinde öz işini tamamlan kongressinde gurama täze prezident saýlanyldy. Ol 1500 metre ylgamakda iki gezek olimpiýa çempiony bolan Beýik Britaniýadan lord Sebastýan Koudyr. S. Kou bu wezipede 1999-njy ýyldan bäri işläp gelen 82 ýaşly, 15 çaganyň kakasy senegally Lamina Diakany çalyşdy.

Moskwa (1980 ý.) we Los-Anželes (1984) Olimpiadalarynyň 1500 metre ylgamakda çempiony täze wezipäni saýlawlarda ýeke-täk bäsdeşi bolan ukrainaly Sergeý Bubkany öňürtdi. Britaniýada 115, ukrainada bolsa 92 ses berildi — diýip, TASS habar berýär.

—Meniň Sergeýe oňat we uzaga çeken kompaniýa üçin minnetdarlyk bildiresim gelýär — diýip, saýlananyndan soň, S.Kun aýtdy. — Biziň ikimiz hem sport görnüşimize ynanýarys, ol adalatly baha berilmegine mynasyp.

Sebastýan Kou 58 ýaşynda. Sportdaky çykyşlaryny tamamlansoň, ol syýasy işgär we sport funksioneri hökmünde iş alyp bardy. 1992-nji ýyldan 1997-nji ýyla çenli iňlis parlamentiniň agzasy boldy, 2000-nji ýyldan bäri ömürlik per derejesinde eýedir. 2005-nji ýylda London Olimpiada 2005-iň paýtagty diýlip yglan edilensoň, Oýunlaryň guramaçylyk komitetine ýolbaşçylyk etdi.

Häzirki wagtda Sebastýan Kou “CSM Strategiýes” britan kompaniýasynyň baştutanydyr. Bu kompaniýa Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komiteti bilen ýygy aragatnaşyk saklaýar. Olaryň alyp barýan bilelikdäki işi netijesinde Aziada — 2017-niň Baş meýilnamasy işlenip-taýýarlanyldy. Ol oýunlary ýokary derejede guramaçylykly geçirmek üçin ähli ugurlar boýunça tapgyrlaýyn taýýarlyk işlerini özünde jemleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň